Türkmenistan dostluk nyşany hökmünde Russiýa Federasiýasyna ýurdumyzda öndürilen önümleri iberýär

  • 06.05.2020 09:45
  • 10k+

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň gol çeken Buýrugyna laýyklykda, Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky däbe öwrülen goňşuçylyk we dostlukly hyzmatdaşlykdan ugur alyp, şeýle hem özara hormat goýmak we goldaw bermek ýörelgelerine esaslanyp, Russiýa Federasiýasyna dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk nyşany hökmünde ýurdumyzda öndürilen önümleri ibermeklik bellenildi.
Resminama laýyklykda, Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligine, Dokma senagaty ministrligine, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligine, «Türkmenhimiýa» we «Türkmengaz» döwlet konsernlerine, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine hem-de Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynyň häkimliklerine degişli azyk önümlerini, harytlary we materiallary Russiýa Federasiýasyna muzdsuz bermek tabşyryldy.

şu gün 10:10
915

Türkmenistanyň Prezidenti ylmy-lukmançylyk diplomatiýasyny ösdürmegiň strategiýasyny tassyklady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanda ylmy-lukmançylyk diplomatiýasyny ösdürmek boýunça 2026–2052-nji ýyllar üçin Milli strategiýasyny tassyklamak hakyndaky Karara gol çekdi. Bu barada TDH habar berdi...

şu gün 09:43
1k+

Brýusselde Türkmenistan — Ýewroparlament 9-njy parlamentara duşuşygy geçirildi

5-nji martda Brýusselde Türkmenistanyň Mejlisi bilen Ýewropa Parlamentiniň arasynda 9-njy parlamentara duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Mejlisiniň metbugat gullugy habar berdi. Gepleşikleriň dowamynda...

şu gün 07:35
5k+

Wepa Hajyýew Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň (Nýu-Ýork şäheri) ýanyndaky täze hemişelik wekili wezipesine Wepa Hajyýew bellenildi. Bu barada TDH döwlet habarlar agentligi habar berýär. Prezident Serdar Berdimuhamedow 6-njy martda degişli Permana gol çekdi...

şu gün 07:35
6.2k+

Aksoltan Ataýewa 32 ýyldan soň Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili wezipesinden boşadyldy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 6-njy martda Aksoltan Toreýewna Ataýewany Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň (ştab-kwartirasy ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherinde ýerleşýär) ýanyndaky hemişelik wekili wezipesinden boşatmak hakyndaky Permana gol çekdi...