Türkmenistan Bütindünýä söwda guramasyna işine synçy derejesinde gatnaşar

  • 04.05.2020 23:06
  • 3.4k+

4-nji maýda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Bütindünýä söwda guramasyna (BSG) agza bolmagy bilen bagly meseleleri öwrenmek boýunça Hökümet toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň saýty habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidentiniň beren tabşyryklaryna laýyklykda Daşary işler ministriniň orunbasarynyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň birnäçe ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň wekilleri BSG-sy bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça anyk hereketleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Bütindünýä söwda guramasy — dünýä ýurtlarynyň arasyndaky söwda gatnaşyklaryny utgaşdyrmak we bu ugurda halkara kadalaryny düzmek hem-de olary ýerine ýetirmek boýunça iş alyp barýan ýeke-täk ählumumy halkara guramadyr.
Häzirki wagtda Bütindünýä söwda guramasyna dünýäniň 164 döwleti agza bolup durýar. Şeýle hem 24 döwlet bu guramanyň synçysy hökmünde çykyş edýär. Bütindünýä söwda guramasy bilen hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmak we bu guramanyň işine gatnaşmak bilen bagly meseleleri öwrenmek üçin degişli Hökümet topary döredildi.
Bu toparyň mejlisleriniň hem-de BSG-niň degişli wekilleri we halkara bilermenler bilen geçirilen maslahatlaşmalaryň netijeleri boýunça ilkinji ädim hökmünde ýurdumyzyň bu gurama synçy bolup gatnaşmagy milli ykdysadyýetimiziň kämilleşmegine has amatly mümkinçilikleri döretjekdigi anyklanyldy.

şu gün 10:10
915

Türkmenistanyň Prezidenti ylmy-lukmançylyk diplomatiýasyny ösdürmegiň strategiýasyny tassyklady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanda ylmy-lukmançylyk diplomatiýasyny ösdürmek boýunça 2026–2052-nji ýyllar üçin Milli strategiýasyny tassyklamak hakyndaky Karara gol çekdi. Bu barada TDH habar berdi...

şu gün 09:43
1k+

Brýusselde Türkmenistan — Ýewroparlament 9-njy parlamentara duşuşygy geçirildi

5-nji martda Brýusselde Türkmenistanyň Mejlisi bilen Ýewropa Parlamentiniň arasynda 9-njy parlamentara duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Mejlisiniň metbugat gullugy habar berdi. Gepleşikleriň dowamynda...

şu gün 07:35
5k+

Wepa Hajyýew Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň (Nýu-Ýork şäheri) ýanyndaky täze hemişelik wekili wezipesine Wepa Hajyýew bellenildi. Bu barada TDH döwlet habarlar agentligi habar berýär. Prezident Serdar Berdimuhamedow 6-njy martda degişli Permana gol çekdi...

şu gün 07:35
6.2k+

Aksoltan Ataýewa 32 ýyldan soň Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili wezipesinden boşadyldy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 6-njy martda Aksoltan Toreýewna Ataýewany Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň (ştab-kwartirasy ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherinde ýerleşýär) ýanyndaky hemişelik wekili wezipesinden boşatmak hakyndaky Permana gol çekdi...