Türkmenistanda gümrük, wiza we beýleki düzgün-kadalary ýönekeýleşdirmek boýunça işler geçirilýär

  • 03.05.2020 10:49
  • 12k+

Ýurdumyzda «Türkmenistanyň gümrük serhedinde daşary ýurt döwletleriniň awtoulag serişdeleriniň eýelerinden alynýan ýygymlaryň hem-de tölegleriň ýeke-täk möçberlerini bellemek hakyndaky» Karara üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek babatda işler alnyp barylýar Bu barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Öwezow ýakynda geçirilen hökümet mejlisinde habar berdi.
Bellenilişi ýaly, sazlaşykly ulag syýasatyny durmuşa geçirmek maksady bilen, kanunçylygy hem-de nyrhlary sazlaşdyryp, gümrük, wiza we beýleki düzgün-kadalary kem-kemden ýönekeýleşdirmek zerur. Bu çäreler ulag-üstaşyr geçelgeleriniň kuwwatynyň, ýük daşalyşynyň hem-de daşary söwdanyň mukdarynyň artmagyna düýpli täsir edip biler.
Habar berlişi ýaly, ulag-kommunikasiýa toplumynyň düzümine girýän agentlikler tarapyndan degişli ugurda geçirilýän işler seljerildi. Şol seljerme işleriniň netijesinde, awtoulag serişdeleriniň aglaba böleginiň goňşy döwletleriň üsti bilen üçünji ýurtlara üstaşyr geçýändigini nazara alyp, ýurdumyzyň çäginden geçýän beýleki ugurlar boýunça daşary ýurt ýük daşaýjylary çekmek maksady bilen, her ugur boýunça aýratyn we bäsdeşlige ukyply nyrhlary kesgitlemek teklip edilýär.
Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň üstaşyr-ulag we logistika kuwwatyny amala aşyrmak babatda strategik ähmiýetli iri taslamalaryň yzygiderli durmuşa geçirilmegine aýratyn üns bermegiň möhümdigini aýdyp, wise-premýere bellenilen meýilnamalary mundan beýläk-de amala aşyrmak üçin ähli tagallalaryň edilmegini tabşyrdy.

şu gün 10:10
915

Türkmenistanyň Prezidenti ylmy-lukmançylyk diplomatiýasyny ösdürmegiň strategiýasyny tassyklady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanda ylmy-lukmançylyk diplomatiýasyny ösdürmek boýunça 2026–2052-nji ýyllar üçin Milli strategiýasyny tassyklamak hakyndaky Karara gol çekdi. Bu barada TDH habar berdi...

şu gün 09:43
1k+

Brýusselde Türkmenistan — Ýewroparlament 9-njy parlamentara duşuşygy geçirildi

5-nji martda Brýusselde Türkmenistanyň Mejlisi bilen Ýewropa Parlamentiniň arasynda 9-njy parlamentara duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Mejlisiniň metbugat gullugy habar berdi. Gepleşikleriň dowamynda...

şu gün 07:35
5k+

Wepa Hajyýew Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň (Nýu-Ýork şäheri) ýanyndaky täze hemişelik wekili wezipesine Wepa Hajyýew bellenildi. Bu barada TDH döwlet habarlar agentligi habar berýär. Prezident Serdar Berdimuhamedow 6-njy martda degişli Permana gol çekdi...

şu gün 07:35
6.2k+

Aksoltan Ataýewa 32 ýyldan soň Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili wezipesinden boşadyldy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 6-njy martda Aksoltan Toreýewna Ataýewany Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň (ştab-kwartirasy ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherinde ýerleşýär) ýanyndaky hemişelik wekili wezipesinden boşatmak hakyndaky Permana gol çekdi...