Ispaniýanyň JIÖ-niň pese gaçyş derejesi 1995-nji ýyldan bäri maksimal bolmak bilen 5,2%-e barabar boldy

  • 02.05.2020 23:03
  • 1.4k+

Şu ýylyň birinji çärýeginiň jemi boýunça Ispaniýanyň jemi içerki önümi koronawirus ýaýrawy sebäpli 5,2% pese düşdi. Bu barada döwletiň Milli statistik institutynyň saýtynda habar berilýär, muny yandex.ru belläp geçýär.
Bu 1995-nji ýylda hasabat girizilip başlanandan bäri görkezijiniň maksimal pese gaçyş derejesidir, ol hem mart aýynyň ortalarynda COVID-19 koronawirus infeksiýasynyň ýaýrawynyň öňüni almak boýunça çäreleriň girizilmegi bilen şertlendirilýär. Geçen maliýe çökgünliginiň “tutaşan wagtynda” ýurduň JIÖ 2019-njy ýylyň birinji çärýeginde 2,6% pese düşdi.
Şu ýylyň ýanwar-mart aýynda 2019-njy ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende JIÖ-iň pese gaçyş derejesi 4,1%-e barabar boldy.
Analitikler pese gaçyş derejesiniň ortaça çärýek aňlatmasy boýunça 4,4%, ýyllyk aňlatmasy boýunça 3,2% bolmagyna garaşypdylar, bu barada Trading Economics habar berýär. “The Wall Street Journal” neşiriniň respondentleri pese gaçyşyň degişlilikde 4,4% we 2,9% bolmagyna garaşdylar.
Şol bir wagtda Ýewropa Bileleşiginiň standarty boýunça göz öňünde tutulan Ispaniýanyň alyjylar bahasynyň indeksi aprel aýynda ýyllyk aňlatmasy boýunça 0,6% pese düşdi. Mart aýy bilen deňeşdirilende bahalar 0,4% ýokarlandy.
Ekspertler ýyllyk deflýasiýa 0,8% derejede, aýlyk inflýasiýa 0,2% derejede bolar diýip çakladylar. Mart aýynda bahalaryň ösüşi ýyl boýunça 0,1%, aý boýunça 0,6% boldy.
Belläp geçsek, Fransiýanyň hem JIÖ 2020-nji ýylyň birinji çärýeginde 5,8% pese düşdi. Bu barada Insee fransuz milli statistik institutynda habar berdiler. Bu gözegçiligiň tutuş taryhynyň dowamynda maksimal pese gaçyş boldy.

şu gün 10:10
915

Türkmenistanyň Prezidenti ylmy-lukmançylyk diplomatiýasyny ösdürmegiň strategiýasyny tassyklady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanda ylmy-lukmançylyk diplomatiýasyny ösdürmek boýunça 2026–2052-nji ýyllar üçin Milli strategiýasyny tassyklamak hakyndaky Karara gol çekdi. Bu barada TDH habar berdi...

şu gün 09:43
1k+

Brýusselde Türkmenistan — Ýewroparlament 9-njy parlamentara duşuşygy geçirildi

5-nji martda Brýusselde Türkmenistanyň Mejlisi bilen Ýewropa Parlamentiniň arasynda 9-njy parlamentara duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Mejlisiniň metbugat gullugy habar berdi. Gepleşikleriň dowamynda...

şu gün 07:35
5k+

Wepa Hajyýew Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň (Nýu-Ýork şäheri) ýanyndaky täze hemişelik wekili wezipesine Wepa Hajyýew bellenildi. Bu barada TDH döwlet habarlar agentligi habar berýär. Prezident Serdar Berdimuhamedow 6-njy martda degişli Permana gol çekdi...

şu gün 07:35
6.2k+

Aksoltan Ataýewa 32 ýyldan soň Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili wezipesinden boşadyldy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 6-njy martda Aksoltan Toreýewna Ataýewany Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň (ştab-kwartirasy ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherinde ýerleşýär) ýanyndaky hemişelik wekili wezipesinden boşatmak hakyndaky Permana gol çekdi...