Geçen hepde boýunça Türkmenistanyň birža täzelikleri

  • 02.05.2020 22:59
  • 3.1k+

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 46-sy hasaba alyndy.
Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirliklerinden gelen telekeçiler («Türkmensenagat eksport-import») karbamidi satyn aldylar. Azerbaýjandan, Owganystandan, Gruziýadan, Gyrgyzystandan, BAE-den, Russiýadan we Türkiýeden gelen işewürler dokma önümlerini we nah ýüplügini satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 2 million 375 müň dollaryna deň boldy.
Manat serişdelerine Ermenistandan, Beýik Britaniýadan, Kanadadan, Birleşen Arap Emirliklerinden we Türkiýeden gelen işewürler 25 million manatlyk nah ýüplügini satyn aldylar.
Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin jemi bahasy 8 million 709 müň manatlyk “Türkmengaz” döwlet konserninde öndürilen polietileni, pagta süýümini we gurluşyk materiallaryny satyn aldylar.

düýn 20:56
3.2k+

Türkmenistanyň we Ukrainanyň bilim edaralary ylym, bilim we atçylyk babatda hyzmatdaşlyk ederler

24-nji oktýabrda Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy bilen Ukrainanyň Bioresurslar we tebigatdan paýdalanmak boýunça Milli uniwersitetiniň arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler...

düýn 20:47
1.3k+

Türkmenistanyň biržasy geçen hepdäniň söwdalarynyň netijelerini habar berdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda jemi bahasy ABŞ-nyň 7 million 862 müň dollaryndan gowrak bolan geleşikleriň 15-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Owganystanyň, Ukrainanyň hem-de Özbegistanyň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen suwuklandyrylan gazy we karbamidi satyn aldylar...

düýn 15:10
1.3k+

Serdar Berdimuhamedow Aleksandr Wan der Belleni Awstriýanyň Milli güni bilen gutlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow Awstriýa Respublikasynyň Federal Prezidenti Aleksandr Wan der Bellene Awstriýa Respublikasynyň Milli güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Gutlagda...

düýn 15:03
2.4k+

Türkmenistanyň Prezidenti 2026-njy ýylda geçiriljek sergileriň we forumlaryň sanawyny tassyklady

Türkmenistanyň Prezidenti ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan 2026-njy ýylda geçiriljek sergileriň, ýarmarkalaryň, maslahatlaryň we festiwallaryň sanawyny hem-de olary geçirmek boýunça guramaçylyk toparynyň düzümini tassyklaýan Karara gol çekdi...