Türkmen-eýran serhedinde epidemiologiýa howpsuzlygy maksady bilen gözegçilik çäreleri güýçlendiriler

  • 01.05.2020 23:15
  • 7.4k+

Wise-premýer, Türkmenistanyň daşary işler ministri Reşit Meredow 30-njy aprelde Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri Mohammad Jawad Zarif bilen geçiren telefon arkaly söhbetdeşliginde koronawirus pandemiýasyna garşy durmak boýunça bilelikdäki işiň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdy.
Bellenilişi ýaly, ýakyn wagtda ýurtlaryň ikisi-de ulaglar we ýükler türkmen-eýran serhedinden geçende epidemiologiýa nukdaý-nazaryndan howpsuzlyk maksady bilen ýokary derejede sanitar, fitosanitar we weterinar gözegçiligi üpjün etmek boýunça ähli zerur çäreleri görerler.
Şol günüň özünde wise-premýer, Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy Reşit Meredow ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary Dewid Heýl bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy.
Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy temalary ara alnyp maslahatlaşylanda taraplar iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasynda yzygiderli gatnaşyklara gyzyklanma bildirdiler.

şu gün 10:10
730

Türkmenistanyň Prezidenti ylmy-lukmançylyk diplomatiýasyny ösdürmegiň strategiýasyny tassyklady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanda ylmy-lukmançylyk diplomatiýasyny ösdürmek boýunça 2026–2052-nji ýyllar üçin Milli strategiýasyny tassyklamak hakyndaky Karara gol çekdi. Bu barada TDH habar berdi...

şu gün 09:43
866

Brýusselde Türkmenistan — Ýewroparlament 9-njy parlamentara duşuşygy geçirildi

5-nji martda Brýusselde Türkmenistanyň Mejlisi bilen Ýewropa Parlamentiniň arasynda 9-njy parlamentara duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Mejlisiniň metbugat gullugy habar berdi. Gepleşikleriň dowamynda...

şu gün 07:35
4.6k+

Wepa Hajyýew Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň (Nýu-Ýork şäheri) ýanyndaky täze hemişelik wekili wezipesine Wepa Hajyýew bellenildi. Bu barada TDH döwlet habarlar agentligi habar berýär. Prezident Serdar Berdimuhamedow 6-njy martda degişli Permana gol çekdi...

şu gün 07:35
5.6k+

Aksoltan Ataýewa 32 ýyldan soň Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili wezipesinden boşadyldy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 6-njy martda Aksoltan Toreýewna Ataýewany Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň (ştab-kwartirasy ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherinde ýerleşýär) ýanyndaky hemişelik wekili wezipesinden boşatmak hakyndaky Permana gol çekdi...