Türkmenistanyň we Eýranyň Prezidentleri koronawirus pandemiýasy bilen bagly meseläni maslahatlaşdylar

  • 29.04.2020 23:44
  • 12k+

29-njy aprelde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Hasan Ruhaniniň arasynda telefon arkaly gepleşik geçirildi.
Söhbetdeşligiň dowamynda iki döwletiň Baştutanlary sebit we halkara derejesindäki möhüm meseleler boýunça hem pikir alyşdylar. Şunuň bilen baglylykda, giň geografiki çäkleri gurşap alan hem-de köp döwletleriň we halklaryň durmuşyna ýaramaz täsir edýän koronawirus (COVID-19) pandemiýasy baradaky mesele gozgaldy. Bellenilişi ýaly, koronawirus ýokanjynyň täze görnüşiniň ýaýramagy ählumumy häsiýete eýe boldy we dünýäde kynçylykly ýagdaýlaryň ýüze çykmagyna sebäp boldy.
Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, Türkmenistan dünýä bileleşiginiň ählumumy häsiýete eýe bolan COVID-19 ýokanjyna garşy göreşmekde edýän tagallalaryny doly goldaýar.
Şunuň bilen baglylykda, türkmen Lideri Ýer ýüzüniň ähli ýurtlarynyň diňe tagallalary birleşdirmek arkaly bu möhüm wezipäni çözmekde gowy netijeleri gazanyp biljekdigine ynam bildirdi.
Prezident Hasan Ruhani Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistan bilen däp bolan dostluk gatnaşyklaryna ygrarlydygyny tassyklap, milli Liderimiziň ählumumy abadançylygy üpjün etmäge gönükdirilen sebit we halkara gatnaşyklaryny ösdürmek, döwrüň möhüm meseleleriniň sazlaşykly çözgütlerini işläp taýýarlamak baradaky başlangyçlaryny goldaýandygyny beýan etdi.

şu gün 10:10
915

Türkmenistanyň Prezidenti ylmy-lukmançylyk diplomatiýasyny ösdürmegiň strategiýasyny tassyklady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanda ylmy-lukmançylyk diplomatiýasyny ösdürmek boýunça 2026–2052-nji ýyllar üçin Milli strategiýasyny tassyklamak hakyndaky Karara gol çekdi. Bu barada TDH habar berdi...

şu gün 09:43
1k+

Brýusselde Türkmenistan — Ýewroparlament 9-njy parlamentara duşuşygy geçirildi

5-nji martda Brýusselde Türkmenistanyň Mejlisi bilen Ýewropa Parlamentiniň arasynda 9-njy parlamentara duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Mejlisiniň metbugat gullugy habar berdi. Gepleşikleriň dowamynda...

şu gün 07:35
5k+

Wepa Hajyýew Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň (Nýu-Ýork şäheri) ýanyndaky täze hemişelik wekili wezipesine Wepa Hajyýew bellenildi. Bu barada TDH döwlet habarlar agentligi habar berýär. Prezident Serdar Berdimuhamedow 6-njy martda degişli Permana gol çekdi...

şu gün 07:35
6.2k+

Aksoltan Ataýewa 32 ýyldan soň Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili wezipesinden boşadyldy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 6-njy martda Aksoltan Toreýewna Ataýewany Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň (ştab-kwartirasy ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherinde ýerleşýär) ýanyndaky hemişelik wekili wezipesinden boşatmak hakyndaky Permana gol çekdi...