Türkmenistanda ýokanç däl keselleriň öňüni almak boýunça täze maksatnama taýýarlanylýar

  • 29.04.2020 23:13
  • 4.3k+

29-njy aprelde Aşgabatda ýerleşen BMG-niň wekilhanasynyň binasynda wideomaslahat geçirildi. Onlaýn-duşuşygyň esasy maksady Türkmenistanda Ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olaryň garşysyna göreşmek boýunça 2021-2030-njy ýyllar üçin täze maksatnamany işläp taýýarlamak, öňde goýlan wezipeleri çözmek maksadynda tejribe alyşmak hem-de umumy tagallalary birleşdirmek üçin möhüm ugurlary kesgitlemek bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmakdan ybaratdyr.
Oňa Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa sebiti boýunça edarasynyň bilermenleri hem-de ýurdumyzyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň wekilleri gatnaşdylar.
Türkmenistanda ýokanç däl keselleriň öňüni almak hem-de olaryň garşysyna göreşmek boýunça Aşgabat Jarnamasyny ornaşdyrmak babatda 2014 — 2020-nji ýyllar üçin kabul edilen Milli maksatnamada olary öz wagtynda ýüze çykarmak boýunça çäreleri güýçlendirmek göz öňünde tutuldy. Bu işler BSGG-niň Ýewropa sebiti boýunça edarasynyň goldaw bermeginde häzir hem dowam etdirilýär.
Ýeri gelende aýtsak, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça ýurdumyzda 2021 — 2030-njy ýyllar üçin täze maksatnamany we hereketleriň meýilnamasyny işläp taýýarlamak üçin Ýörite işçi topary döredildi.

düýn 23:49
321

Ýewropada Alsgeýmer keselini anyklamak üçin täze gan barlagy tassyklanyldy

Şweýsariýanyň Roche derman senagaty kompaniýasy Alsgeýmer keselini anyklamak we inkär etmek üçin «Elecsys pTau217» gan barlagyny ulanmaga Ýewropadan rugsat aldy....

11.05.2026 23:10
2.9k+

ABŞ-da bäş aýlyk çagada Kanawan keselini bejermek boýunça seýrek operasiýa geçirildi

ABŞ-da seýrek duş gelýän neslegeçiji keselleriň biri bolan Kanawan keselinden ejir çekýän irlandiýaly bäbekde synag görnüşindäki gen terapiýasy amala aşyryldy. Bu ädim dünýäde şular ýaly ilkinji lukmançylyk......

10.05.2026 18:46
4k+

BSGG-niň ýolbaşçysy hantawirusy pandemiýa bilen deňeşdirmezlige çagyrdy

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) baş direktory Tedros Gebreýesus hantawirusyň COVID-19 pandemiýasy ýaly uly howp döretmeýändigini resmi taýdan mälim etdi....

08.05.2026 22:15
7.6k+

ABŞ-da heniz dünýä inmedik çaga operasiýa edilip, ýene ene göwresine ýerleşdirildi

Amerikanyň Florida ştatynda lukmanlar göwrelilik döwründe çaganyň bedeninde örän seýrek duş gelýän operasiýany amala aşyrdylar....