Türkmenistan Energetika Hartiýasy bilen energiýa serişdelerini üstaşyr geçirmegiň meselelerini maslahatlaşdy

  • 29.04.2020 17:30
  • 2k+

Daşary işler ministrliginde Energetika Hartiýasynyň Baş sekretary Urban Rusnak bilen wideomaslahat görnüşinde geçirilen duşuşykda energetika ulgamynda halkara hyzmatdaşlygynyň, Energetika Hartiýasynyň Ylalaşygyny döwrebaplaşdyrmagyň wajyp meseleleri boýunça pikir alşyldy. Taraplar ählumumy gün tertibiniň dünýä bazarlaryna täsirini hem-de abraýly guramalaryň çäklerinde mundan beýläkki hyzmatdaşlygyň meýilnamalaryny ara alyp maslahatlaşdylar.
Duşuşyga Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça Geňeşçisi, birnäçe ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, şol sanda Daşary işler, Maliýe we ykdysadyýet, Adalat, Energetika ministrlikleriniň, şeýle hem «Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň ýolbaşçylary bar hem-de hünärmenleri gatnaşdylar.
Energiýa serişdelerini üstaşyr geçirmegiň halkara-hukuk taýdan kadalaşdyrylmagy ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda görkezildi. Munuň özi häzirki wagtda Ýewropanyň we Aziýanyň onlarça ýurduny birleşdirýän energetika hartiýasynyň gaýragoýulmasyz wezipeleriniň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ibermegiň ygtybarlylygynyň hem-de goraglylygynyň kepillikleri barada öňe süren başlangyçlarynyň ähmiýeti nygtaldy. Bular BMG-niň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamalarynda berkidildi.

şu gün 10:10
732

Türkmenistanyň Prezidenti ylmy-lukmançylyk diplomatiýasyny ösdürmegiň strategiýasyny tassyklady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanda ylmy-lukmançylyk diplomatiýasyny ösdürmek boýunça 2026–2052-nji ýyllar üçin Milli strategiýasyny tassyklamak hakyndaky Karara gol çekdi. Bu barada TDH habar berdi...

şu gün 09:43
866

Brýusselde Türkmenistan — Ýewroparlament 9-njy parlamentara duşuşygy geçirildi

5-nji martda Brýusselde Türkmenistanyň Mejlisi bilen Ýewropa Parlamentiniň arasynda 9-njy parlamentara duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Mejlisiniň metbugat gullugy habar berdi. Gepleşikleriň dowamynda...

şu gün 07:35
4.6k+

Wepa Hajyýew Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň (Nýu-Ýork şäheri) ýanyndaky täze hemişelik wekili wezipesine Wepa Hajyýew bellenildi. Bu barada TDH döwlet habarlar agentligi habar berýär. Prezident Serdar Berdimuhamedow 6-njy martda degişli Permana gol çekdi...

şu gün 07:35
5.6k+

Aksoltan Ataýewa 32 ýyldan soň Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili wezipesinden boşadyldy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 6-njy martda Aksoltan Toreýewna Ataýewany Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň (ştab-kwartirasy ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherinde ýerleşýär) ýanyndaky hemişelik wekili wezipesinden boşatmak hakyndaky Permana gol çekdi...