Türkmenistan we ÝUNISEF çaga hukuklaryny üpjün etmegiň meselelerini maslahatlaşdy

  • 27.04.2020 23:14
  • 3.8k+

27-nji aprelde DIM-de ýurdumyzdaky BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) wekilhanasynyň baştutany hanym Kristin Weýgand bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda ýurdumyz bilen ÝUNISEF-iň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Duşuşygyň barşynda şeýle hem bilimiň, saglygy goraýyş, durmuş goraglylygy we adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk ulgamlarynyň sanlaşdyrylmagy boýunça pikir alşyldy. Ýurdumyzyň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ýolunda çaganyň hukuklaryny üpjün etmek we durmuşa geçirmek babatynda alyp barýan işleri ara alnyp maslahatlaşylan meseleleriň biri boldy.
Türkmenistan iş ýüzünde ösüp gelýän nesliň sazlaşykly kemala gelmegi üçin aňrybaş amatly şertleriň üpjün edilmegine jogapkärli çemeleşmäni görkezýär, olaryň saglygy we abadançylygy baradaky alada döwlet syýasatynyň möhüm ugry bolup durýar. Ýurdumyzyň bu ulgamda ýeten sepgitleri BMG-niň Çagalar gaznasynyň ýokary bahasyna mynasyp bolýar.

şu gün 10:10
732

Türkmenistanyň Prezidenti ylmy-lukmançylyk diplomatiýasyny ösdürmegiň strategiýasyny tassyklady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanda ylmy-lukmançylyk diplomatiýasyny ösdürmek boýunça 2026–2052-nji ýyllar üçin Milli strategiýasyny tassyklamak hakyndaky Karara gol çekdi. Bu barada TDH habar berdi...

şu gün 09:43
861

Brýusselde Türkmenistan — Ýewroparlament 9-njy parlamentara duşuşygy geçirildi

5-nji martda Brýusselde Türkmenistanyň Mejlisi bilen Ýewropa Parlamentiniň arasynda 9-njy parlamentara duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Mejlisiniň metbugat gullugy habar berdi. Gepleşikleriň dowamynda...

şu gün 07:35
4.6k+

Wepa Hajyýew Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň (Nýu-Ýork şäheri) ýanyndaky täze hemişelik wekili wezipesine Wepa Hajyýew bellenildi. Bu barada TDH döwlet habarlar agentligi habar berýär. Prezident Serdar Berdimuhamedow 6-njy martda degişli Permana gol çekdi...

şu gün 07:35
5.6k+

Aksoltan Ataýewa 32 ýyldan soň Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili wezipesinden boşadyldy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 6-njy martda Aksoltan Toreýewna Ataýewany Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň (ştab-kwartirasy ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherinde ýerleşýär) ýanyndaky hemişelik wekili wezipesinden boşatmak hakyndaky Permana gol çekdi...