Alymlar medisina maskalarynyň gaýtadan ulanmak üçin arassalamak mümkinçiliginiň bardygyny tassykladylar

  • 23.04.2020 07:01
  • 7.7k+

ABŞ-nyň Milli saglyk institutlarynyň hünärmenleri medisina maskalarynyň gaýtadan azyndan üç gezek yzygider ulanyşy üçin olaryň funksionallygyny saklamak arkaly netijeli arassalamak mümkinçiliginiň bardygyny tassykladylar. Barlagyň netijeleri medisina guramasynyň saýtynda neşir edildi, bu barada Trend TACC-a salgylanmak bilen habar berýär.
Testler arassalamagyň dürli usullarynyň täze koronawirusy nähili derejede gowşadýandygyny bilmek üçin ilkinji gezek onuň nusgasynyň ulanylmagy bilen geçirildi. Alymlar bu usullaryň haýsysynyň netijelidigini we olaryň tejribe işi geçirilenden soň maskanyň öz durkuna nähili täsir edýändigini kesgitlemäge çalyşdylar.
Arassalamagyň jemi dört sany usuly ulanyldy, ýagny ultra-benewşe şöhleleriň kömegi bilen, gurak gyzgyn howanyň, wodorodyň öteturşy bugunyň hem-de etil spirtiniň kömegi bilen. Olaryň ählisi wirusa garşy öz netijeliligini görkezdiler.
Ýöne spirti barlagçylar maslahat bermedi, sebäbi ol birwagtyň özünde maskanyň taýýarlanylan materialyny hem zaýalaýar. Netijede iki gezekki ulanyşdan soň respirator kadaly ulanyş üçin ýaramsyz bolýar. Ultra-benewşe şöhlelenme we gurak gyzgyn howa materialy üç gezekki ulanyşdan soň zaýalaýar, şonuň üçin maskany diňe iki gezek ulanmak bolýar.
Wodorodyň öteturşusynyň buglary bolsa arassalamagyň iň bir netijeli usuly boldy: üç gezek arassalaýyş işinden soň hem maska kadaly ulanyş üçin ýaramly bolmagynda galdy. Şeýle usulda maska bary-ýogy 10 minudyň içinde dezinfisirlenýär, emma ultra-benewşe şöhlesi ýa-da gurak gyzgyn howa usuly ulanylan ýagdaýynda arassalamak işine azyndan bir sagat gidýär.
Öň, Iýmit önümleriniň we dermanlaryň hiline sanitar gözegçiligi boýunça amerikan edarasy (FDA) gyssagly ýagdaýda täze koronawirus ýaýrawy bilen baglylykda ýurtda ýetmezçilik edýän medisina maskalaryny arassalamagyň täze tehnologiýasyny tapdy. Täze usul Ogaýo ştatynda ýerleşýän Battelle Memorial Institute söwda häsiýetli bolmadyk barlag guramasy tarapyndan işlenilip düzüldi. Bu tehnologiýa N95 görnüşli gorag maskalarynyň her birini 20 gezege çenli dezinfisirlemäge mümkinçilik berýär.

12.06.2026 18:22
9k+

Toyota Türkmenistanda tomusky aksiýasyny dowam edýär

2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan 30-njy iýuny aralygynda Toyota kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi serwis merkezleri islendik ýylda çykarylan we islendik modeldäki Toyota hem-de Lexus awtoulaglarynyň eýeleri......

12.06.2026 17:00
4.1k+

Oňa 100-den gowrak ýurtda gymmatlyklaryny ynanýarlar. Gürrüň näme hakda?

Bu kompaniýanyň önümleri dünýäniň 100-den gowrak ýurduna eksport edilýär. Olar howpsuzlyk boýunça Ýewropa standartlaryna laýyk gelýär, halkara synaglardan geçirilýär we ähli degişli hil sertifikatlaryna eýe......

10.06.2026 18:39
4.1k+

Lomaý sargyt etmegiň täze tapgyry: telekeçiler «Birligi» saýlaýar

Dükan, market, kafe ýa-da restoran dolandyrýaňyzmy? Onda sizem soňsuz telefon jaňlaryna we araçylara wagt ýitirmegiňizi bes ediň. Telekeçiler eýýäm «Birlik» platformasy bilen satyn alyşyň has amatly görnüşine......

08.06.2026 15:19
6.5k+

Türkmenistanda howa maglumaty: hepdäniň başy we ahyry ýagyşly bolar

Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy Türkmenistanda şu hepde (8–14-nji iýun) bolmagyna garaşylýan howa barada maglumat berdi....