Ýumurtga organizme nähili täsir edýär?

  • 22.04.2020 23:21
  • 15k+

Ýumurtgadan taýýarlanylýan tagamlar dünýä aşhanasynda mynasyp orun eýelemek bilen diňe bir iýmegi gowy görýänleriň däl-de, eýsem, wagtyny aşpezlige sarp etmegi halamaýanlaryň hem ýörgünli ertirligine öwrüldi. Onuň düzümine girýän belok türgenleriň we öz figurasy barada alada edýänleriň arasynda-da meşhur boldy.
Ýumurtganyň oňaýly taraplary. Ýumurtga – iýmitlendiriji mikroelementleri we maddalary özünde jemleýän özboluşly iýmit. Onuň belogynyň özüniň peýdasy boýunça balygyňkydan we etiňkiden öňe geçýändigini bilýän az-azdyr.
Ýumurtgada nerw merkeziniň işine oňaýly täsir edýän ýarym witamin holin, şeýle-de özüniň antioksidantlary bilen tanalýan selen we lýutein saklanýar. Ýumurtga göreje gowy täsir edýär we kataraktanyň hem-de gözde ýaşyň ulalmagy bilen bagly bolup geçýän üýtgeşmeleriň öňüni alýar. Bu barada Sputnik portaly habar berýär.
Iýmitiň düzümine girýän E witamini gan aýlanyş damarlarynyň we ýürek sistemasynyň saglygyna gözegçilik edýär, A witamini immunitetiň işine jogap berýär, D witamin dişiň we süňküň üçin peýdaly. Ýumurtga organizmi energiýa bilen doldurýan proteine baý. Şonuň üçin ony ähli türgenleriň rasionyna goşmagy maslahat berýärler.
Ýumurtganyň ýokary derejeli holesterin sebäpli saglyga zyýan ýetirip bilýändigi barada hem pikir bar, ýöne ol örän jedelli. Köp dietologlar ony irdenki rasiona goşmagy we witaminleriň uly möçberini, şeýle-de kalsiýni, fosfory, sinki we demiri saklaýan ýumurtga sarysyndan gorkmazlygy maslahat berýärler. Bularyň ählisi saçyň, dyrnaklaryň we deriniň ýagdaýyna oňaýly täsir edýär.
Ýumurtganyň otrisatel taraplary. Ýumurtga gereginden artyk möçberde kabul edilen ýagdaýynda zyýan ýetirip bilýär. Çendenaşa kabul edilen ýagdaýynda (günde 2 ýumurtgadan köp) olar ganyň düzümindäki ýaramaz holesteriniň derejesini ýokarlandyryp bilýärler. Çig ýumurtgany (towuk) çendenaşa kabul etmeklik organizmi guratma we hatda böwrek ýetmezçiligine getirip bilýär.
Bir zady bellemeli, dükanlarda satylýan ýumurtgalar içege mikroflorasyna zyýan ýetirýän we kesel dörediji mikroorganizmleriň köpelmegine ýardam edýän antibiotik we nitrat ýaly zyýanly maddalary saklap biler. Şonuň üçin olary belligine we möhletine seredip almaly.

10.03.2026 19:18
7.3k+

Alymlar adaty şpris bilen organizme goýberip bolýan «kiçijik bagyrlary» döretdi

Gepatit B we C ýaly bagyr keselleri, köplenç, bagyr ýetmezçiligine getirýär we bu ýagdaýda ýeke-täk çykalga transplantasiýa bolýar. Ýöne donor organlarynyň ýetmezçilik etmegi netijesinde köp hassalar saglyk ýagdaýy sebäpli hatda operasiýa garaşýanlaryň sanawyna-da girip bilmeýär...

10.03.2026 10:33
5.8k+

Aşgazanasty mäziň düwnük keselini dermanlara boýun egdirmegiň ýoly tapyldy

Alymlar aşgazanasty mäziň ragynyň himiýaterapiýa garşy durnukly bolmagyna kömek edýän mehanizmi anykladylar. Geçirilen barlaglar belli bir genetik üýtgeşmeleriň täsirinde çişiň has agressiw ýagdaýa geçip bilýändigini görkezdi...

09.03.2026 17:03
1.3k+

Alymlar Rett sindromyny bejermegiň has ygtybarly usulyny tapdylar

Amerikaly molekulýar biologlar Rett sindromyna sezewar bolanlaryň beýni öýjüklerinde MECP2 belogynyň işlenip çykarylyşyny takmynan 60% ýokarlandyrýan täze bejeriş usulynyň nusgasyny işläp düzdüler. TASS agentliginiň Beýlor lukmançylyk kollejiniň metbugat gullugyna salgylanyp berýän habaryna görä, bu açyş käbir genetik bejergilere garanyňda has ygtybarly we howpsuz bolar...

09.03.2026 15:18
2.1k+

Alymlar şokoladdan dermanlyk ähmiýeti ýokary bolan bal ýasadylar

Braziliýaly alymlar antioksidantlara baý bolan täze bir önümi — şokoladly baly döretdiler. Bu täsin iýmitiň esasy düzümi şokolad önümçiliginiň galyndysy bolan kakao gabyklaryndan emele gelýär. Science Daily žurnalynda...