Italiýada kenarýaka möwsümine taýýarlanyp başladylar

  • 18.04.2020 23:22
  • 4.4k+

Häzirki wagtda Italiýada eýýäm bir aý wagt bäri berk karantin hereket edýär, ony azyndan 3-nji maýa çenli dowam etdirmek göz öňünde tutulýar.
Koronawirus ýagdaýyna seretmezden, Italiýada kenarýaka möwsümini açmaga taýýarlanýarlar, bu barada aif.ru ýurduň medeniýet ministriniň orunbasaryna salgylanmak bilen habar berýär. Onuň aýtmagyna görä, bu ýylda italýanlar deňizde dynç alyp bilerler. Howpsuz dynç alyş üçin hökümet birnäçe çäreleri işläp taýýarlaýar.
Hususan-da, şezlonglary bronlamak hyzmatyny girizmek bilen olaryň sanyny azaltmak warianty gözden geçirilýär. Howpsuz distansiýany üpjün etmek üçin şezlonglary biri-birinden 10-14 metr daşlykda ýerleşdirmek göz öňünde tutulýar. Mundan başga-da, garry adamlar üçin kenarda bolmagyň hem ýörite wagt aralyklary girizilip bilner.
Kenar enjamlary, çäge we umumy ulanylyş ýerleri yzygiderli dezinfeksiýa edilip durlar. Köpçülikleýin çäreler ýa-da oýunlar üçin meýdançalar bolmaz. Restoranlardan, barlardan we kafelerden hem köp gezeklik gap-gaçlaryň aýrylmagy mümkin. Şeýle-de, hökümet kenara degişli esbaplary kireýne almagy gadagan etmeli bolar.
Mundan başga-da, dynç alyjylara pleksiglasdan (organiki çüýşe) edilen ýörite “kabinkalar” garaşýar, olaryň içinde şezlonglaryň aralygy 1,5 metrden az bolmaz. Plýažda gorag maskalaryny dakynmak meselesi heniz çözülenok. Rim hassahanasynyň ýokanç keselleriniň professory möhüm howpsuz aralyk üpjün edilen ýagdaýynda maskalaryň gerek bolmajagyny belleýär.
“Corriere della Sera” gazeti şu tomusda Italiýa 25 million daşary ýurt syýahatçylaryny ýitirip biler, şonuň üçin ýurduň içindäki dynç alyşa bil baglanylýar. Belläp geçsek, Italiýada ýagdaý ýuwaş-ýuwaşdan gowulaşýar. 14-nji aprelden ýurtda käbir dükanlar we kärhanalar işläp başlady.

10.05.2026 22:08
7.9k+

Türk myhmanhanalary syýahatçylyk ýollanmalaryň bahasyny aşak düşürýärler: dynç almak üçin arzanladyşlar 25%-e ýetýär

Şu ýylyň mart aýynda Türkiýäniň syýahatçylyk pudagy halkara ýagdaýlaryň durnuksyzlygy sebäpli, öňünden bron edilýän syýahatçylaryň sanynyň ep-esli azalandygyny hasaba aldy. Bu barada Türkiýäniň Ekonomim gazeti......

03.05.2026 11:40
4.1k+

Alp daglarynda dünýäniň iň uzyn demir ýol tuneli gurulýar

Häzirki wagtda Alp daglarynyň aşagyndan dünýäniň iň uzyn demir ýol tunelini geçirmek boýunça gurluşyk işleri dowam edýär. Bu täsin desganyň taýyn görnüşdäki umumy uzynlygy 64 kilometre ýeter....

01.05.2026 15:59
4.5k+

Müsürde arheologlar faraon Ramses II-niň heýkelini tapdy

Arheologlar Eş-Şarkiýa sebitindäki gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda, çaklanylyşyna görä, faraon Ramses II-niň heýkelini tapdy. Bu barada Müsüriň Syýahatçylyk ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär....

28.04.2026 07:10
4.9k+

​"Şäher ägirt uly myhmanhana bolup bilmez": Afiny syýahatçylyk boýunça berk çäreleri yglan etdi

Afinynyň şäher häkimligi syýahatçylaryň aşa köp gelýändigi sebäpli taryhy Plaka etrabynda syýahatçylygy goldaýan ähli maksatnamalaryny togtatmak kararyna geldi. Geçen ýyl şäher rekord derejede 8 million......