Gözüň reňki siziň saglygyňyz barada näme aýdyp biler

  • 18.04.2020 21:32
  • 13k+

Elbetde, anyk keseliň güýçlenmeginiň hakyky howpy köp sanly dürli faktorlara bagly bolýar. Ýöne gözüň reňkli ýorkasy boýunça saglygyň umumy ýagdaýy barada bilmäge mümkinçilik berýän käbir kanunalaýyklyklar hem bar. Bu barada popmech.ru belleýär.
Goňur reňkli perde. “Göz ýapyk reňkli boldugyça, siziň ultra-benewşe şöhlelerden dogabitdi goragyňyz şonça-da ýokary bolýar. Ýöne bu siziň günden goraýjy äýnekleri dakynmaly däldigiňizi ýa-da günden goraýjy kremlerden peýdalanmaly däldigiňizi aňlatmaýar, her kim bulardan peýdalanyp biler” – diýip, göz lukmany belleýär. Şeýle adamlar açyk reňkli gözi bolan adamlara garanda, gözüň, deriniň rak keseli howpuna we kataraktanyň ösmegine (göz jöwheriniň garalmagy) ýakyn bolýarlar.
Ýene bir zat: siz agyryny duýmagyň pes derejesine we birahatlygyň ýokary derejesine eýe bolup bilersiňiz. Bu barada 2014-nji ýylda Agyrynyň Amerikan Jemgyýetiniň (APS) her ýylda geçirilýän ylmy konferensiýasynda hödürlenilen barlagda bellenildi.
Ýaşyl reňkli perde. Şol barlagyň maglumatlary boýunça, gözleri açyk-ýaşyl reňkde bolan adamlar agyryny duýmagyň ýokary derejesine we howsalalygyň hem-de dartgynlylygyň pes derejesine eýe bolup bilerler. Ýöne açyk reňkli gözler goýungözlere garanda, ultra-benewşe şöhlelerinden pes goraglylygy üpjün edýärler.
Gök reňkli perde. Ýaşyl gözli adamlarda bar bolan howplaryň üstüne siziň alkogola garaşlylygyňyzyň has ýokary bolmagy goşulýar. Bu tezisi öňe süren barlagyň awtorlary şeýle arabaglanyşygyň nädip ýüze çykýandygyny heniz düşündirip bilenoklar we olar bu meseläni çözmek üçin gözegçiligi alyp barmagyň zerurdygyny belleýärler.
Gyzyl gözler. Wagtyň geçmegi bilen gan aýlanyş damarlarynyň giňän ýa-da ýarylan ýagdaýynda her kimde gözüň gyzarmasy bolup geçýär. Bu kada boýunça, gözüň guraklygyndan, allergiýadan, Günden ýa-da tozandan bolýar. Gözüň yzygiderli gyzarmasy, esasan, garry adamlaryň arasynda, dartgynlylyk bilen bagly bolup bilýär. Eger-de siziň gözüňiz iki gün yzygider gyzyl bolup durýan bolsa, dogry diagnozy oturtmak üçin lukmana ýüz tutuň. Bu infeksiýa, gan aýlanyş damarlarynyň normadan çykmagy ýa-da has düýpli zat bolup biler.
Gözüň saralmagy. Eger-de gözüň agy sary reňke öwrülýän bolsa, bu siziň bagryňyzyň howp astyndadygyndan habar berýär. Sary gözler – sary getirmäniň, organizmiň maddalary süzgüçden geçirijilik ukybyna täsir edýän bagyr keseliniň alamatydyr. Gözüňiziň reňki üýtgeşik bolup başlasa, hökman lukmana ýüz tutuň.

düýn 23:49
321

Ýewropada Alsgeýmer keselini anyklamak üçin täze gan barlagy tassyklanyldy

Şweýsariýanyň Roche derman senagaty kompaniýasy Alsgeýmer keselini anyklamak we inkär etmek üçin «Elecsys pTau217» gan barlagyny ulanmaga Ýewropadan rugsat aldy....

11.05.2026 23:10
2.9k+

ABŞ-da bäş aýlyk çagada Kanawan keselini bejermek boýunça seýrek operasiýa geçirildi

ABŞ-da seýrek duş gelýän neslegeçiji keselleriň biri bolan Kanawan keselinden ejir çekýän irlandiýaly bäbekde synag görnüşindäki gen terapiýasy amala aşyryldy. Bu ädim dünýäde şular ýaly ilkinji lukmançylyk......

10.05.2026 18:46
4k+

BSGG-niň ýolbaşçysy hantawirusy pandemiýa bilen deňeşdirmezlige çagyrdy

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) baş direktory Tedros Gebreýesus hantawirusyň COVID-19 pandemiýasy ýaly uly howp döretmeýändigini resmi taýdan mälim etdi....

08.05.2026 22:15
7.6k+

ABŞ-da heniz dünýä inmedik çaga operasiýa edilip, ýene ene göwresine ýerleşdirildi

Amerikanyň Florida ştatynda lukmanlar göwrelilik döwründe çaganyň bedeninde örän seýrek duş gelýän operasiýany amala aşyrdylar....