Lukman dünýädäki iň zyýanly hem iň peýdaly önümleri atlandyrdy

  • 17.04.2020 23:56
  • 11k+

Lukman-dietolog şekeriň dünýäde iň zyýanly önümdigini belleýär diýip oreanda.ru habar berýär. Ol şekeriň fruktozalaryň we glýukozalaryň emeli birleşmesidigini düşündirýär. Ony islendik adamyň rasionyndan aýyrmalydyr.
Hünärmen bu önümiň dünýäde uly möçberli ölüme getirýändigini belleýär. Onuň gürrüň bermegine görä, adamyň organizmi şekere we uglewodlaryň ýokary mukdaryna uýgunlaşyp bilmeýär.
Lukman ganyň düzümindäki glýukozanyň derejesine hem gözegçilik etmelidigini belleýär. Onuň aýtmagyna görä, ol alty sandan ýokary bolmaly däl.
Başga bir lukman organizm üçin hem arzan, hem peýdaly önümleri atlandyrdy.
1. Dorog kalsiýniň iň baý çeşmeleriniň biri hasaplanylýar we ol ýeňil siňýär.
2. Ýene bir peýdaly önüm bu hoz. Olar erkekler üçinem, aýallar üçinem peýdaly. Hoz erkek adamda güýji we testosteron derejesini ýokarlandyrýar, aýallara bolsa ýygyrtlary aýyrmaga we derini has ýylmanak etmäge kömek edýär.
3. Kesellemekden gorkýan adamlar we Günüň aşagynda seýrek gezýänler alma iýmeli. Alma immuniteti berkidýän we organizmi wiruslardan goraýan C witamininiň köp mukdaryny saklaýar.
4. Hindi towugy berhiz eti hasaplanylýar. Bu berhiz saklaýanlara ýa-da ýürek-damar kesellerinden ejir çekýänlere ýaramly bolup biler. Hindi towugynyň ak eti içegäniň mikroflorasyny gowulandyrmaga, ýellenmäni aýyrmaga we ýazwa keselini ýeňil geçirmäge kömek eder.

düýn 23:49
321

Ýewropada Alsgeýmer keselini anyklamak üçin täze gan barlagy tassyklanyldy

Şweýsariýanyň Roche derman senagaty kompaniýasy Alsgeýmer keselini anyklamak we inkär etmek üçin «Elecsys pTau217» gan barlagyny ulanmaga Ýewropadan rugsat aldy....

11.05.2026 23:10
2.9k+

ABŞ-da bäş aýlyk çagada Kanawan keselini bejermek boýunça seýrek operasiýa geçirildi

ABŞ-da seýrek duş gelýän neslegeçiji keselleriň biri bolan Kanawan keselinden ejir çekýän irlandiýaly bäbekde synag görnüşindäki gen terapiýasy amala aşyryldy. Bu ädim dünýäde şular ýaly ilkinji lukmançylyk......

10.05.2026 18:46
4k+

BSGG-niň ýolbaşçysy hantawirusy pandemiýa bilen deňeşdirmezlige çagyrdy

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) baş direktory Tedros Gebreýesus hantawirusyň COVID-19 pandemiýasy ýaly uly howp döretmeýändigini resmi taýdan mälim etdi....

08.05.2026 22:15
7.6k+

ABŞ-da heniz dünýä inmedik çaga operasiýa edilip, ýene ene göwresine ýerleşdirildi

Amerikanyň Florida ştatynda lukmanlar göwrelilik döwründe çaganyň bedeninde örän seýrek duş gelýän operasiýany amala aşyrdylar....