Türkmenistanda arassaçylyk- epidemiologik ýagdaýlar durnukly bolmagynda galýar - Gurbanguly Berdimuhamedow

  • 12.04.2020 22:10
  • 9k+

Halkara bileleşige jogapkärli gatnaşyjy bolan Türkmenistan COVID-19 howpunyň ýüze çykan ilkinji günlerinden başlap, Birleşen Milletler Guramasy, onuň ýöriteleşdirilen edaralary we agentlikleri, ilkinji nobatda bolsa, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy bilen ýakyndan işjeň gatnaşygy ýola goýdy. Bu barada Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk Geňeşiniň wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen maslahatynda eden çykyşynda belledi.
Ýurdumyzda ýokanç keseliň täze görnüşiniň — COVID-19 koronawirusynyň ýaýramagynyň öňüni almaga gönükdirilen toplumlaýyn çäreler öz wagtynda görüldi. Hususan-da, serhet, migrasiýa, gümrük düzgünleri tapgyrlaýyn berkidildi. Şol bir wagtyň özünde emele gelen hakyky ýagdaýlar sebäpli, Türkmenistanyň daşary ýurtlar bilen howa gatnawlary çäklendirildi diýip, türkmen Lideri sözüni dowam etdi.
Ýurdumyzyň içinde hem ähli saglygy goraýyş ulgamynyň işi öz wagtynda bu täze howpa garşy gönükdirildi. Saglygy goraýyş edaralary üçin biz ähli zerur serişdeleri satyn alýarys. Şoňa görä-de, häzirki wagtda bu edaralar iň döwrebap enjamlar, özbaşdak gorag serişdeleri, test-ulgamy, lukmançylyk serişdeleri we beýleki zerur enjamlar bilen doly üpjün edildi.
Häzirki wagtda ýurdumyzda arassaçylyk we fitoarassaçylyk, weterinariýa gözegçilik ulgamy takyk işleýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet serhediniň ähli barlag-goýberiş nokatlarynda Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň we beýleki degişli döwlet edaralarynyň hünärmenlerinden ybarat toparlar iş alyp barýar diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.
Olaryň esasy wezipesi ýokary derejede arassaçylygy üpjün etmek, çäkleri dermanlamak, zyýansyzlandyrmak we beýleki ugurlar boýunça toplumlaýyn çäreleri geçirmek bolup durýar.
Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, koronawirus ýokanjyna garşy göreşde düşündiriş işlerini alyp barmak örän möhümdir. Bu çäreler ilatyň ähli gatlaklarynyň arasynda, ýagny çagalar baglarynda, orta we ýokary okuw mekdeplerinde, harby bölümlerde, edara-kärhanalarda alnyp barylýar. Adamlara köpçülikde özüňi alyp barmagyň kadalary, şahsy arassaçylygyň düzgünleri düşündirilýär we beýleki zerur maglumatlar berilýär.
Öz wagtynda görlen bu çäreleriň netijesinde, Türkmenistanda arassaçylyk- epidemiologik ýagdaýlar durnukly bolmagynda galýar we gözegçilikde berk saklanýar diýip, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow belledi hem-de bu ugurda zerur bolan ähli işleriň dowam etdiriljekdigini aýtdy.

düýn 23:49
321

Ýewropada Alsgeýmer keselini anyklamak üçin täze gan barlagy tassyklanyldy

Şweýsariýanyň Roche derman senagaty kompaniýasy Alsgeýmer keselini anyklamak we inkär etmek üçin «Elecsys pTau217» gan barlagyny ulanmaga Ýewropadan rugsat aldy....

11.05.2026 23:10
2.9k+

ABŞ-da bäş aýlyk çagada Kanawan keselini bejermek boýunça seýrek operasiýa geçirildi

ABŞ-da seýrek duş gelýän neslegeçiji keselleriň biri bolan Kanawan keselinden ejir çekýän irlandiýaly bäbekde synag görnüşindäki gen terapiýasy amala aşyryldy. Bu ädim dünýäde şular ýaly ilkinji lukmançylyk......

10.05.2026 18:46
4k+

BSGG-niň ýolbaşçysy hantawirusy pandemiýa bilen deňeşdirmezlige çagyrdy

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) baş direktory Tedros Gebreýesus hantawirusyň COVID-19 pandemiýasy ýaly uly howp döretmeýändigini resmi taýdan mälim etdi....

08.05.2026 22:15
7.6k+

ABŞ-da heniz dünýä inmedik çaga operasiýa edilip, ýene ene göwresine ýerleşdirildi

Amerikanyň Florida ştatynda lukmanlar göwrelilik döwründe çaganyň bedeninde örän seýrek duş gelýän operasiýany amala aşyrdylar....