Türkmenistanyň etraplarynda we şäherlerinde ýörite lukmanlar toparlary dörediler

  • 09.04.2020 09:52
  • 10k+

8-nji aprelde geçirilen iş maslahatynyň barşynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow ýokanç keselleriň halkymyzyň saglygyna ýaramaz täsirine garşy başy başlanan işi dowam etmegiň zerurdygyny belläp, şu maksat bilen ýurdumyzyň ilatynyň ähli toparlarynyň saglyk ýagdaýyna baha bermek üçin, Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, öňüni alyş lukmançylyk barlaglaryny we goşmaça barlag usullaryny öz içine alýan çäreler toplumyny guramagy tabşyrdy.
Şunuň bilen baglylykda, etraplarda we şäherlerde öz işini degişli tertipnama boýunça alyp barýan ýörite lukmanlar toparlary döredilmelidir. Döwlet Baştutanymyzyň aýdyşy ýaly, bu işler ilki bilen çagalar baglaryndan, orta hem-de ýokary okuw mekdeplerinden başlansa, maksadalaýyk bolar.
Gurbanguly Berdimuhamedow howply ýokanç keseliň öňüni almak boýunça amala aşyrylýan toplumlaýyn işleriň ähmiýeti barada aýdyp, bu ugurda durmuşa geçirilýän zerur çäreleriň yzygiderli hem-de hemmetaraplaýyn häsiýete eýe bolmagynyň zerurdygyna ünsi çekdi.
Munuň özi ilatyň saglyk ýagdaýynyň ýokary derejede saklanmagynda, ýurdumyzda ýokanç keselleriň ýaýramagynyň öňüni almakda aýratyn wajypdyr.

düýn 23:49
321

Ýewropada Alsgeýmer keselini anyklamak üçin täze gan barlagy tassyklanyldy

Şweýsariýanyň Roche derman senagaty kompaniýasy Alsgeýmer keselini anyklamak we inkär etmek üçin «Elecsys pTau217» gan barlagyny ulanmaga Ýewropadan rugsat aldy....

11.05.2026 23:10
2.9k+

ABŞ-da bäş aýlyk çagada Kanawan keselini bejermek boýunça seýrek operasiýa geçirildi

ABŞ-da seýrek duş gelýän neslegeçiji keselleriň biri bolan Kanawan keselinden ejir çekýän irlandiýaly bäbekde synag görnüşindäki gen terapiýasy amala aşyryldy. Bu ädim dünýäde şular ýaly ilkinji lukmançylyk......

10.05.2026 18:46
4k+

BSGG-niň ýolbaşçysy hantawirusy pandemiýa bilen deňeşdirmezlige çagyrdy

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) baş direktory Tedros Gebreýesus hantawirusyň COVID-19 pandemiýasy ýaly uly howp döretmeýändigini resmi taýdan mälim etdi....

08.05.2026 22:15
7.6k+

ABŞ-da heniz dünýä inmedik çaga operasiýa edilip, ýene ene göwresine ýerleşdirildi

Amerikanyň Florida ştatynda lukmanlar göwrelilik döwründe çaganyň bedeninde örän seýrek duş gelýän operasiýany amala aşyrdylar....