BSGG medisina maskalarynyň sagdyn adamlara näme üçin gerek däldigini düşündirdi

  • 05.04.2020 13:08
  • 11k+

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy medisina maskalarynyň koronawirusdan goragy kepillendirmeýändigini belleýär, ýöne olary keseliň alamaty bar bolan adamlar dakynmaly. Maskalar, ilkinji nobatda, özüňi däl-de, beýlekileri goramak üçin gerek.
“Sagdyn adamlara maska dakmak hökman däl. Keseliň alamaty bar bolan adamlar beýlekileriň goragy üçin maskany dakynmaly. Şeýle-de, kesellilere seredýän adamlar hem maskany dakynmaly, meselem, öýde seredýänler, sebäbi olar hem keselläp bilýärler” – diýip, BSGG-nyň resmi wekili belleýär.
Onuň aýtmagyna görä, maskanyň özi wirusdan goragy kepillendiriji bolup hyzmat edenok, ol eliňi ýygy-ýygydan ýuwmak ýaly beýleki çäreler bilen bilelikde peýdalanylmaly.
Ol maska, gorag äýnekleri, geýim we ellik ýaly zerur bolan medisina esbaplary bilen ilkinji nobatda medisina işgärlerini üpjün etmelidigini sözüniň üstüne goşýar. Munuň üçin bolsa bu materiallaryň raýatlar tarapyndan satyn alynmasyny çäklendirmeli, diýip РИА Новости habar berýär.
Şeýle-de, ol maskany dakynyp bilmeýän adamlaryň adatdakysyna garanda ellerini has köp ýüzüne degirjekdiklerini belleýär. 
BSGG-niň wekili lukmanlary ýeterlik derejede zerur bolan serişdeler bilen üpjün eder ýaly, raýatlary maskalary köp satyn almaklygy bes etmäge çagyrýar.

12.06.2026 18:22
9k+

Toyota Türkmenistanda tomusky aksiýasyny dowam edýär

2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan 30-njy iýuny aralygynda Toyota kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi serwis merkezleri islendik ýylda çykarylan we islendik modeldäki Toyota hem-de Lexus awtoulaglarynyň eýeleri......

12.06.2026 17:00
4.1k+

Oňa 100-den gowrak ýurtda gymmatlyklaryny ynanýarlar. Gürrüň näme hakda?

Bu kompaniýanyň önümleri dünýäniň 100-den gowrak ýurduna eksport edilýär. Olar howpsuzlyk boýunça Ýewropa standartlaryna laýyk gelýär, halkara synaglardan geçirilýär we ähli degişli hil sertifikatlaryna eýe......

10.06.2026 18:39
4.1k+

Lomaý sargyt etmegiň täze tapgyry: telekeçiler «Birligi» saýlaýar

Dükan, market, kafe ýa-da restoran dolandyrýaňyzmy? Onda sizem soňsuz telefon jaňlaryna we araçylara wagt ýitirmegiňizi bes ediň. Telekeçiler eýýäm «Birlik» platformasy bilen satyn alyşyň has amatly görnüşine......

08.06.2026 15:19
6.5k+

Türkmenistanda howa maglumaty: hepdäniň başy we ahyry ýagyşly bolar

Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy Türkmenistanda şu hepde (8–14-nji iýun) bolmagyna garaşylýan howa barada maglumat berdi....