Insultdan goranmagyň iň gowy usuly anyklanyldy

  • 04.04.2020 23:36
  • 9.1k+

Osaki uniwersitetiniň ýapon alymlary infarktdan we insultdan goranmagyň täze usulyny aýtdylar. Bularyň öňüni almakda iň gowy serişde günde gyzgyn wanna girmeklik eken.
Alymlar gyzgyn suwuň astynda azrak bolmak gan basyşy kadalaşdyrýar we ýürek-damar sistemalarynyň saglygyny gowulandyrýar diýip hasaplaýarlar. Bu barada cursorinfo ýazýar.
Bu netije 45-59 ýaş aralygyndaky 43 müň meýletinçä köp ýyllaryň dowamyndaky gözegçiligiň esasynda alyndy. Barlag geçirilen wagtynda insultdan 1769 adam ýogaldy. Ýüregiň birden durmagy 53 sany respondentde, infarkt bolsa 275 sanysynda bellige alyndy. Günde gyzgyn wanna girmeklik bu ýürek tutma howpuny 35%, ýyly wanna girmek 26% peseltdi. Şeýlelik bilen ýürek keseliniň güýçlenmek ähtimallygy 28% azaldy.
Ýaponiýada gyzgyn wanna girmeklik giňden ýaýran. Suwa güýjüň ýetişi boýunça girmeli. Temperaturany indiwidual saýlamaly, çünki şeýle suw sebäpli aň bulaşyklygy ýüze çykyp bilýär.
Öň biz sagdyn durmuşy alyp barýan erkekleriň we aýallaryň 80-e çenli ýaşap bilýändiklerini we bu ýaş aralygyny agyr keselsiz geçirip bilýändiklerini habar beripdik. Zyýanly endikden ýüz öwürmeýänler bolsa, bulara garanda 10 ýyl az ýaşarlar.

düýn 18:22
8.3k+

Toyota Türkmenistanda tomusky aksiýasyny dowam edýär

2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan 30-njy iýuny aralygynda Toyota kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi serwis merkezleri islendik ýylda çykarylan we islendik modeldäki Toyota hem-de Lexus awtoulaglarynyň eýeleri......

düýn 17:00
3.8k+

Oňa 100-den gowrak ýurtda gymmatlyklaryny ynanýarlar. Gürrüň näme hakda?

Bu kompaniýanyň önümleri dünýäniň 100-den gowrak ýurduna eksport edilýär. Olar howpsuzlyk boýunça Ýewropa standartlaryna laýyk gelýär, halkara synaglardan geçirilýär we ähli degişli hil sertifikatlaryna eýe......

10.06.2026 18:39
4.1k+

Lomaý sargyt etmegiň täze tapgyry: telekeçiler «Birligi» saýlaýar

Dükan, market, kafe ýa-da restoran dolandyrýaňyzmy? Onda sizem soňsuz telefon jaňlaryna we araçylara wagt ýitirmegiňizi bes ediň. Telekeçiler eýýäm «Birlik» platformasy bilen satyn alyşyň has amatly görnüşine......

08.06.2026 15:19
6.5k+

Türkmenistanda howa maglumaty: hepdäniň başy we ahyry ýagyşly bolar

Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy Türkmenistanda şu hepde (8–14-nji iýun) bolmagyna garaşylýan howa barada maglumat berdi....