Türkmenistanda koronawirusyň ýaýramagynyň öňi alyş çäreleri üpjün edildi

  • 04.04.2020 10:20
  • 15k+

3-nji aprelde geçirilen hökümet mejlisinde Gurbanguly Berdimuhamedow hökümetiň öz wagtynda gören çäreleri netijesinde, Hytaýda koronawirusyň ýaýrandygy barada ýurdumyza habar gelip gowşan dessine, bu ýokanjyň getirilmeginiň we ýaýramagynyň öňüniň alynmagynyň üpjün edilendigini belledi. Sebäbi gyzgynlyk ölçeýji enjamlaryň ulanylmagy bilen, döwlet serhedinde arassaçylyk-karantin gözegçiligi güýçlendirildi.
Hytaý bilen, soňra bolsa, bu ugurda amatsyz ýagdaý ýüze çykan beýleki ýurtlar bilen howa gatnawy çäklendirildi. Daşary ýurtlardan talyplarymyz we raýatlarymyz getirildi.
Beýleki döwletlerden ýurdumyza dolanyp gelen we olar bilen gatnaşykda bolan adamlara lukmançylyk taýdan gözegçilik ýola goýuldy. Şeýle hem ähli daşary ýurt raýatlarynyň ýurdumyza gelmegini wagtlaýyn duruzmak barada karar kabul edildi.
Döwlet Baştutany mundan beýläk hem daşary ýurtlardaky epidemiki ýagdaýy nazara alyp, zerur bolanda, şeýle çäklendiriş çärelerine düzediş girizmek barada görkezme berdi. Kabul edilýän ähli çözgütler diňe ilatymyzyň saglygyny goramaga gönükdirilmelidir diýip, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy hem-de bu işiň gije-gündiziň dowamynda alnyp barylmalydygyny belledi.

düýn 23:49
321

Ýewropada Alsgeýmer keselini anyklamak üçin täze gan barlagy tassyklanyldy

Şweýsariýanyň Roche derman senagaty kompaniýasy Alsgeýmer keselini anyklamak we inkär etmek üçin «Elecsys pTau217» gan barlagyny ulanmaga Ýewropadan rugsat aldy....

11.05.2026 23:10
2.9k+

ABŞ-da bäş aýlyk çagada Kanawan keselini bejermek boýunça seýrek operasiýa geçirildi

ABŞ-da seýrek duş gelýän neslegeçiji keselleriň biri bolan Kanawan keselinden ejir çekýän irlandiýaly bäbekde synag görnüşindäki gen terapiýasy amala aşyryldy. Bu ädim dünýäde şular ýaly ilkinji lukmançylyk......

10.05.2026 18:46
4k+

BSGG-niň ýolbaşçysy hantawirusy pandemiýa bilen deňeşdirmezlige çagyrdy

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) baş direktory Tedros Gebreýesus hantawirusyň COVID-19 pandemiýasy ýaly uly howp döretmeýändigini resmi taýdan mälim etdi....

08.05.2026 22:15
7.6k+

ABŞ-da heniz dünýä inmedik çaga operasiýa edilip, ýene ene göwresine ýerleşdirildi

Amerikanyň Florida ştatynda lukmanlar göwrelilik döwründe çaganyň bedeninde örän seýrek duş gelýän operasiýany amala aşyrdylar....