Lukmanlar gök önümleri iýmezligiň näme üçin howpludygyny duýdurdylar

  • 31.03.2020 05:59
  • 6.5k+

Garrama meselesi bilen iş çalyşýan Kanadanyň alymlary gök önümleri we miweleri az iýýän adamlaryň beýlekilere garanda howsalaly bozulmalardan has köp ejir çekýändiklerini kesgitlediler.
Kähalatlarda ýagdaý has çylşyrymlaşýar, netijede oňa degişli diagnoz goýýarlar. Bu barada cursorinfo.co.il habar berýär.
Canadian Longitudinal Study on Aging shows-yň hünärmenleri miweleriň we ir-iýmişleriň ýeterlik mukdarynyň iýmitde ulanylmagy bilen hatda düýpli sebäp bolmasa-da döreýän hemişeki howsalaly ýagdaýyň arasyndaky baglanyşygy tapmak üçin köp wagt sarp etdiler.
Alymlaryň nygtamagyna görä, psihiki bozulmanyň bu görnüşiniň öňüni almak üçin her günde üç sany dürli miwäni iýmeli.
Şeýlelik bilen, siziň islendik biderek zat üçin alada etmegiňiziň mümkinçiligi haýsy-da bolsa bir sebäp bilen ösümlik rasionyndan ýüz öwürýänler bilen deňeşdirilende 24% peseler.
Ýatladyp geçsek, amerikan alymlary gyzyl-mämişi miweleriň we gök önümleriň beýniniň sagdynlygyna oňaýly täsir edýändigini subut edýän barlagy geçirdiler. Ekspertler oňa gatnaşyjylaryň saglyk ýagdaýyna 20 ýyl gözegçilik etdiler. Rasionynda gyzyl-mämişi reňkdäki miweler we gök önümler bolan adamlar ýat meselesinden tas 50% seýrek ejir çekýärdiler. Şonuň bilen birlikde, rasionda esasy orun her gün içilmesi zerur bolan apelsin suwuna degişli.

düýn 23:49
321

Ýewropada Alsgeýmer keselini anyklamak üçin täze gan barlagy tassyklanyldy

Şweýsariýanyň Roche derman senagaty kompaniýasy Alsgeýmer keselini anyklamak we inkär etmek üçin «Elecsys pTau217» gan barlagyny ulanmaga Ýewropadan rugsat aldy....

11.05.2026 23:10
2.9k+

ABŞ-da bäş aýlyk çagada Kanawan keselini bejermek boýunça seýrek operasiýa geçirildi

ABŞ-da seýrek duş gelýän neslegeçiji keselleriň biri bolan Kanawan keselinden ejir çekýän irlandiýaly bäbekde synag görnüşindäki gen terapiýasy amala aşyryldy. Bu ädim dünýäde şular ýaly ilkinji lukmançylyk......

10.05.2026 18:46
4k+

BSGG-niň ýolbaşçysy hantawirusy pandemiýa bilen deňeşdirmezlige çagyrdy

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) baş direktory Tedros Gebreýesus hantawirusyň COVID-19 pandemiýasy ýaly uly howp döretmeýändigini resmi taýdan mälim etdi....

08.05.2026 22:15
7.6k+

ABŞ-da heniz dünýä inmedik çaga operasiýa edilip, ýene ene göwresine ýerleşdirildi

Amerikanyň Florida ştatynda lukmanlar göwrelilik döwründe çaganyň bedeninde örän seýrek duş gelýän operasiýany amala aşyrdylar....