«Türkmenhowaýollary» 2020-2021-nji ýyllaryň gyş möwsümi üçin petekleriň satuwyna başlady

  • 30.03.2020 22:49
  • 13k+

«Türkmenhowaýollary» agentligi 2020-2021-nji ýyllaryň gyş möwsümi üçin uçuşlaryň tertibiniň girizilendigini habar berdi. Agentligiň rus wekilliginiň resmi saýtynda bellenilişi ýaly, bu möwsüm üçin petekleriň satuwy açyldy.
Häzirki wagtda şu ugurlar boýunça petekleri satyn almak bolýar:
• Aşgabat – Moskwa – Aşgabat;
• Aşgabat – Sankt-Peterburg – Aşgabat;
• Aşgabat – Kazan – Aşgabat;
• Aşgabat – Bangkok – Aşgabat.
Şeýle hem 2020-nji ýylyň 24-nji oktýabryndan başlap, 2021-nji ýylyň 27-nji marty aralygynda Russiýadan Bangkoga üstaşyr ugurlar hereket eder.
Ýakyn wagtda Minske, Delä we beýleki ugurlara gatnawlar peýda bolar.
Gatnawlaryň tertibi bilen şu salgydan tanşyp bilersiňiz.
Petekleri turkmenistanairlines.ru saýtynda we beýleki subagentleriň saýtyndan alyp bilersiňiz.

10.05.2026 22:08
7.9k+

Türk myhmanhanalary syýahatçylyk ýollanmalaryň bahasyny aşak düşürýärler: dynç almak üçin arzanladyşlar 25%-e ýetýär

Şu ýylyň mart aýynda Türkiýäniň syýahatçylyk pudagy halkara ýagdaýlaryň durnuksyzlygy sebäpli, öňünden bron edilýän syýahatçylaryň sanynyň ep-esli azalandygyny hasaba aldy. Bu barada Türkiýäniň Ekonomim gazeti......

03.05.2026 11:40
4.1k+

Alp daglarynda dünýäniň iň uzyn demir ýol tuneli gurulýar

Häzirki wagtda Alp daglarynyň aşagyndan dünýäniň iň uzyn demir ýol tunelini geçirmek boýunça gurluşyk işleri dowam edýär. Bu täsin desganyň taýyn görnüşdäki umumy uzynlygy 64 kilometre ýeter....

01.05.2026 15:59
4.5k+

Müsürde arheologlar faraon Ramses II-niň heýkelini tapdy

Arheologlar Eş-Şarkiýa sebitindäki gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda, çaklanylyşyna görä, faraon Ramses II-niň heýkelini tapdy. Bu barada Müsüriň Syýahatçylyk ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär....

28.04.2026 07:10
4.9k+

​"Şäher ägirt uly myhmanhana bolup bilmez": Afiny syýahatçylyk boýunça berk çäreleri yglan etdi

Afinynyň şäher häkimligi syýahatçylaryň aşa köp gelýändigi sebäpli taryhy Plaka etrabynda syýahatçylygy goldaýan ähli maksatnamalaryny togtatmak kararyna geldi. Geçen ýyl şäher rekord derejede 8 million......