Amerikan alymlary beýniniň işini analizlemek üçin ýokary tizlikli mikroskop döretdiler

  • 26.03.2020 19:07
  • 4.1k+

Adamzat beýnisiniň öýjükleri hemişe biri-birine elektrik we himiki signallary iberip durýarlar. Ýöne olar şeýle bir çalt hereket edýärler welin, henize çenli ýekeje kamera-da olary tutup bilmedi. Ýaňy-ýakynda bolsa amerikan alymlary kelle beýnisiniň işini ýokary tizlik bilen barlap bilýän we seljerip bilýän apparaty döretdiler.
Berklide Kaliforniýa uniwersitetiniň derňewçileri syçanyň beýnisini sekuntda müň gezek şöhlelendirip bilýän we şonuň bilen birlikde alyp baryjy hünärmeniň aýtmagy boýunça, elektrik impulslarynyň neýronlardan millisekundlaryň içinde nädip geçip bilýändigini bellige alýan mikroskopy döretdiler. Bu tehnologiýa syçanyň beýni öýjükleriniň sekuntda 3000 gezege çenli gaýtalanýan elektrik signallaryny bellige alyp bilýär.
“Bu hakykatdan hem gyzykly, sebäbi biz indi adamlaryň öň edip bilmedik zatlaryny edip bilýäris” – diýip, Nature Methods ylmy žurnaly hünärmeniň sözlerini getirýär.
Bu gurluş kameraly mikroskopy özünde jemleýär. Alymlaryň bellemegine görä, wizualizasiýa tehnologiýasynda ilkinji gezek iki fotonly flouressent mikroskopiýa we optiki lazer skanerlemesi birikdirildi.
Bellenilip geçilişi ýaly, beýni kesellerinde, şol sanda neýrodegeneratiwde diňe bir ýa-da birnäçe neýron zyýan çekmeýär. Şol zyýan ýeten ýerleri görmek we olaryň işini testden geçirmek üçin hem mikroskop döredildi, alymlar ony sekuntda üç müň derejeli işe çenli güýçlendirmek isleýärler.
News.ru saýtynyň habar bermegi boýunça, bu usulyň kömegi bilen, professoryň düşündirmegine görä, neýronyň has köp bölegini görmek hem-de öň kynlyk bilen anyklanylýan meseleleri ýüze çykarmak bolýar. Döredilen mikroskop neýrobiologlara beýniniň öýjükleri tarapyndan kabul edilýän ýüzden onlarça müňe çenli signallary yzarlamaga mümkinçilik berer.

şu gün 06:43
949

NASA Argentinada ägirt uly ýürek şekilli reňkli köli görkezdi: ýöne onuň reňki näme sebäpden gülgüne?

NASA Argentinanyň Buenos-Aýres welaýatyndaky Salinas-Las-Barrankas duzly howdanynyň gaýtalanmajak suratyny çap etdi. Giňligi takmynan 10 kilometre barabar bolan we ýürek şekilini ýatladýan bu suw howdany......

düýn 23:18
684

π0.7 roboty öň öwredilmedik işleri-de ýerine ýetirip başlady

San-Fransiskoda ýerleşýän Physical Intelligence kompaniýasy robotlar üçin niýetlenen täze π0.7modelini tanyşdyrdy. Bu model robotlara öň hiç wagt öwredilmedik işlerini ýerine ýetirmäge-de mümkinçilik berýär.......

düýn 23:05
510

Parallel aň: Alymlar beýnide astrosit esasly ikinji aragatnaşyk ulgamyny tapdylar

Nýu-Ýork uniwersitetiniň alymlary uzak wagtlap diňe kömekçi öýjükler hasaplanýan astrositleriň beýnide özleriniň giň aragatnaşyk ulgamyny emele getirýändigini anykladylar....

12.05.2026 23:21
6.5k+

Mehiko her aýda 1,5 santimetr ýere çökýär: NASA howply ýagdaýy hasaba aldy

NASA-nyň radiolokasiýa ulgamynyň maglumatlaryna görä, Meksikanyň paýtagty Mehiko şäheri her aýda ortaça 1,5 santimetr ýere çökýär....