Alymlar: meditasiýa beýniniň garrama prosesini haýallatmaga kömek edýär

  • 25.03.2020 17:20
  • 4.7k+

Meditasiýa beýniniň garrama prosesini haýallatmaga kömek edýär. Şeýle netije Wiskonsin-Medison uniwersitetiniň we Garward medisina mekdebiniň alymlary geldiler. Bu barada Sputnik habar berýär.
“Neurocase” žurnalynda neşir edilen işde alymlar her ýylda meditasiýa bilen meşgullanýan buddizm monahynyň barlagdan geçirilişini beýan edýärler. Ýagny, alymlar üns merkezini Ýonge Migýur Ripoçe gönükdirýärler. Barlag geçirijiler 14 ýylyň dowamynda birnäçe gezek MRT barlagyny geçirýärler. Olar 105 adamdan ybarat bolan barlag toparyny hem barlap görýärler, bu topar şol ýeriň ýaşaýjylaryndan we monahyň ýaşytdaşlaryndan ybarat.
Soňra alymlar emeli intellektiň kömegi bilen beýniniň ýaşyny çakladylar. Netijede 41 ýaşly monahyň beýnisiniň ýaşy 33 ýaşdaky beýnini görkezdi, bu barlag toparynyň agzalarynyň beýnisiniň ýaşyndan kiçi.
Şeýlelik bilen barlag geçirijiler beýleki deň şertlerde meditasiýanyň beýniniň ýaşlygyny saklamaga kömek edýändigi baradaky netijä geldiler.

12.06.2026 18:22
9k+

Toyota Türkmenistanda tomusky aksiýasyny dowam edýär

2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan 30-njy iýuny aralygynda Toyota kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi serwis merkezleri islendik ýylda çykarylan we islendik modeldäki Toyota hem-de Lexus awtoulaglarynyň eýeleri......

12.06.2026 17:00
4.1k+

Oňa 100-den gowrak ýurtda gymmatlyklaryny ynanýarlar. Gürrüň näme hakda?

Bu kompaniýanyň önümleri dünýäniň 100-den gowrak ýurduna eksport edilýär. Olar howpsuzlyk boýunça Ýewropa standartlaryna laýyk gelýär, halkara synaglardan geçirilýär we ähli degişli hil sertifikatlaryna eýe......

10.06.2026 18:39
4.1k+

Lomaý sargyt etmegiň täze tapgyry: telekeçiler «Birligi» saýlaýar

Dükan, market, kafe ýa-da restoran dolandyrýaňyzmy? Onda sizem soňsuz telefon jaňlaryna we araçylara wagt ýitirmegiňizi bes ediň. Telekeçiler eýýäm «Birlik» platformasy bilen satyn alyşyň has amatly görnüşine......

08.06.2026 15:19
6.5k+

Türkmenistanda howa maglumaty: hepdäniň başy we ahyry ýagyşly bolar

Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy Türkmenistanda şu hepde (8–14-nji iýun) bolmagyna garaşylýan howa barada maglumat berdi....