Türkmenistan koronawirusyň ýurdumyza aralaşmagynyň öňüni almak boýunça çäreleri güýçlendirýär

  • 25.03.2020 10:06
  • 16k+

Koronawirus ýokanjynyň ýeke ýagdaýy hem hasaba alynmadyk Türkmenistan, bu howply ýokanjyň ýurdumyza aralaşmagynyň öňüni almak boýunça çäreleri güýçlendirýär.
Turkmenportal agentliginiň Jeyhun.news habarlar-analitik portalyna salgylanyp habar berşi ýaly, iri ilatly nokatlaryň töwereginde, şol sanda Aşgabadyň töwereginde goşmaça gözegçilik nokatlary döredildi. Iri şäherlere we ilatly nokatlara girmezden öň infragyzyl termometrler arkaly sürüjileriň we ýolagçylaryň bedeniniň temperaturasy barlanylýar. Bu howpsuzlyk çäresi içerki howa gatnawlarynda gatnaýan ýolagçylara hem degişlidir.
Koronawirusyň ýaýramagynyň öňüni almak maksady bilen 2020-nji ýylyň 20-nji martyndan 20-nji apreli aralygynda daşary ýurt raýatlaryna we raýatlygy bolmadyk adamlara Türkmenistanyň döwlet serhedinden geçmeklik çäklendirildi.
Görkezilen möhletlerde zerurlyk ýüze çykan ýagdaýynda degişli kadalara we düzgünlere laýyklykda, Türkmenistanyň çägine şu aşakdaky adamlar girip bilýär:
- Daşary ýurt döwletleriniň diplomatlary, halkara guramalarynyň wekilleri;
- Howa we deňiz gämileriniň ekipažy;
- Halkara üstaşyr ýük daşamalaryny amala aşyrýan ulaglaryň sürüjileri;
- Demir ýol ugurlarynyň işçi toparlarynyň agzalary;
- Türkmenistanyň çäginde ýerleşýän desgalarda işleýän daşary ýurt raýatlary.
Şol bir wagtda Türkmenistana gelmek isleýänler hökmany suratda özlerinde koronawirusyň ýokdugy hakynda güwahatyny görkezmeli. Güwähaty bolmadyk raýatlar hökmany tertipde lukmançylyk gözegçiliginden geçmeli, şol sanda ganyň düzüminde COVID-19 ýokanjyny anyklamak üçin barlaglardan geçmeli.
Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň maslahatlaryna laýyklykda, Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň buýrugy boýunça Türkmenistanyň Futbol federasiýasy kesgitsiz möhletlere çenli ähli görnüşdäki ýaryşlaryny, şol sanda milli çempionaty geçirmekligi togtatdy.
Mekdeplerde çagalara arassaçylyk düzgünleri wagyz edilýär, aýratyn hem elleriňi sabyn bilen ýuwmagyň wajyplygy düşündirilýär.
Ýerli habar beriş serişdelerinde BSGG-niň, ÝUNISEF-iň we Türkmenistanyň saglygy goraýyş edaralarynyň ýokanç keselleriň öňüni almak boýunça maslahatlary yzygiderli berilýär.

düýn 23:49
223

Ýewropada Alsgeýmer keselini anyklamak üçin täze gan barlagy tassyklanyldy

Şweýsariýanyň Roche derman senagaty kompaniýasy Alsgeýmer keselini anyklamak we inkär etmek üçin «Elecsys pTau217» gan barlagyny ulanmaga Ýewropadan rugsat aldy....

11.05.2026 23:10
2.8k+

ABŞ-da bäş aýlyk çagada Kanawan keselini bejermek boýunça seýrek operasiýa geçirildi

ABŞ-da seýrek duş gelýän neslegeçiji keselleriň biri bolan Kanawan keselinden ejir çekýän irlandiýaly bäbekde synag görnüşindäki gen terapiýasy amala aşyryldy. Bu ädim dünýäde şular ýaly ilkinji lukmançylyk......

10.05.2026 18:46
4k+

BSGG-niň ýolbaşçysy hantawirusy pandemiýa bilen deňeşdirmezlige çagyrdy

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) baş direktory Tedros Gebreýesus hantawirusyň COVID-19 pandemiýasy ýaly uly howp döretmeýändigini resmi taýdan mälim etdi....

08.05.2026 22:15
7.6k+

ABŞ-da heniz dünýä inmedik çaga operasiýa edilip, ýene ene göwresine ýerleşdirildi

Amerikanyň Florida ştatynda lukmanlar göwrelilik döwründe çaganyň bedeninde örän seýrek duş gelýän operasiýany amala aşyrdylar....