Nissan täze logotipleri bellige aldyrdy

  • 21.03.2020 23:06
  • 2.7k+

Nissan kompaniýasy täze logotipi bellige aldyrdy we onuň suratyny internetde neşir etdi. Emblema öňki suduryny saklady, ýöne ikiölçegli boldy we onuň ortasyndaky keseleýin çyzyk hem aýryldy. Indi brendiň ady gyrasy açyk tegelegiň içinde ýazylan. Täze logotip eýýäm Beýik Britaniýada, Peruda, Urugwaýda, Çilide we Argentinada bellige alyndy.
Motor.ru saýtynyň habar bermegine görä, Nissanyň täze korporatiw logotipi ilkinji gezek 2019-njy ýylda Tokia awtosalonynda görkezilen Nissan Ariya konseptinde şöhlelendirildi.
Heniz markanyň lineýkasynda haýsy modeliň täze dizaýnly tablisajyga eýe boljakdygy habar edilenok. Ýöne kämilleşdirilen logotipiň Z lineýkasyna hem degişli ediljekdigi belli, degişli patent Kanadanyň we Täze Zelandiýanyň edara bazarlarynda peýda boldy. Emblema ortada ýerleşdirilen Z harpyny özünde jemleýär we 1971-nji ýylyň nusgasy bolan Datsun 240Z modelindäki tablisajygy ýada salýar. Häzirki wagtda sport awtomobillerine oturdylýan döwrebap Z logotipinden tapawutlylykda täze logotip “tegelekden çykar”, Z harpy hem gara bolar.
Sportkar üç litrli iki sany V6 turbo hereketlendirijisi bilen üpjün ediler. Hereketlendiriji dokuz gatly awtomatik herekete getiriji guty bilen bilelikde işlär.
Nissan kompaniýasynyň Volkswagen bilen BMW kompaniýalarynyň öň saýlan ugrundan gidendigini ynamly aýtmak bolýar. Ýagny onuň logotipi hem bu kompaniýalaryň täze logotipiniň stilinde ýerine ýetirilen. Şulardan ugur alyp dizaýnerleriň öňünde has anyk we ýönekeý formalary ulanmak arkaly kompaniýanyň imijini kämilleşdirmeli diýen ýumuş durandyr diýip pikir etmek bolýar. Kompaniýalar ýuwaş-ýuwaşdan minimalistik stilde ýerine ýetirilen ikiölçegli emblemalaryň bähbidine üçölçeglilerden ýüz öwürýärler. Volkswagen kompaniýasynda bu çözgüdi şeýle dizaýnyň “markanyň ýaşlar bilen, sanlaşdyrma we häzirki zaman bilen baglylygyny” şöhlelendirýändigi bilen düşündirdiler. BMW kompaniýasynda hem şuňa meňzeş delili getirdiler, ýagny täze logotip “sanly dünýäde ýaşaýan ýaşlary marka çekmeklige gönükdirilen”.

şu gün 09:46
48

ByteDance-yň esaslandyryjysy Çžan Imin Hytaýyň iň baý adamy boldy – Forbes

ByteDance tehnologiýa kompaniýasynyň esaslandyryjysy Çžan Imin «Forbes» žurnalynyň täze reýtinginde Hytaýyň iň baý adamy diýlip ykrar edildi. Onuň baýlygy 69,3 milliard dollar möçberinde bahalandyrylýar, bu bolsa telekeçä dünýädäki milliarderleriň sanawynda 26-njy orny eýelemäge mümkinçilik berdi...

şu gün 09:40
67

Volkswagen panorama üçekli we rahat dynç alşa niýetlenen täze krossowerini hödürleýär

Germaniýanyň Volkswagen awtokonserni täze elektrikli ID.Unyx 08 krossoweriniň içki dizaýnyny tanyşdyrdy. Bu modeliň 2026-njy ýylyň ilkinji çärýeginde satuwa çykarylmagyna garaşylýar. CarNewsChina neşiriniň habar bermegine görä, awtomobil ID...

şu gün 00:27
3.4k+

Gurbanguly Berdimuhamedow dostlukly sapar bilen Hytaýa bardy

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň çakylygy boýunça dostlukly sapar bilen Hytaýa bardy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi...

şu gün 00:11
1.2k+

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde CICA-nyň Baş sekretary bilen duşuşyk geçirildi

2026-njy ýylyň 17-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow Aziýada özara hyzmatdaşlyk we ynamy berkitmek çäreleri boýunça Geňeşiniň (CICA) Baş sekretary Kaýrat Sarybaý bilen gepleşikleri geçirdi...