Kefiriň öň nämälim alamatlary ýüze çykaryldy

  • 14.03.2020 18:57
  • 4.7k+

Kefiriň köp sanly peýdaly alamatlary ylma öňden hem belli. Muňa garamazdan, ýaňy-ýakynda geçirilen barlaglar bu turşy süýt önüminiň kabul edilmeginiň ýene bir oňaýly tarapyny ýüze çykardy.
Bu geçirilen barlagyň netijeleri internet-çeşmelerinde neşir edildi. Bu barada belnovosti.by saýty habar berýär. Alymlaryň aýtmagyna görä, bu içgi immuniteti berkitmäge kömek edýär. Mundan başga-da, kefir özüniň antibakterial häsiýeti bilen tapawutlanýar.
Bu häsiýet sarymsak, konserwirlenen balyk we duza ýatyrylan kelem ýaly önümlere-de mahsus.
Kefiriň düzüminde iýmit siňdiriji organlaryň ýagdaýyny we aşgazanyň mikroflorasyny gowulandyrýan mikroorganizmler saklanýar. Bu bakteriýalar immunitete oňaýly täsir edýärler. Netijede, adam organizmi wiruslardan we kesellerden gowy baş çykaryp bilýär.
Şeýle mikroorganizmler başga bir süýt önüminde, ýagny ýogurtda hem saklanýar.
Eger balyk konserwalary barada gürrüň edilse, onda alymlar skumbriýanyň we sardinanyň peýdasynyň bardygyny belläp geçýärler. Bu önümler doýgun däl ýag kislotalary omega-3-iň ýokary düzümi bilen tapawutlanýarlar. Birleşme leýkositleri has işjeňleşdirýär, netijede immunitet berkeýär.

düýn 23:49
321

Ýewropada Alsgeýmer keselini anyklamak üçin täze gan barlagy tassyklanyldy

Şweýsariýanyň Roche derman senagaty kompaniýasy Alsgeýmer keselini anyklamak we inkär etmek üçin «Elecsys pTau217» gan barlagyny ulanmaga Ýewropadan rugsat aldy....

11.05.2026 23:10
2.9k+

ABŞ-da bäş aýlyk çagada Kanawan keselini bejermek boýunça seýrek operasiýa geçirildi

ABŞ-da seýrek duş gelýän neslegeçiji keselleriň biri bolan Kanawan keselinden ejir çekýän irlandiýaly bäbekde synag görnüşindäki gen terapiýasy amala aşyryldy. Bu ädim dünýäde şular ýaly ilkinji lukmançylyk......

10.05.2026 18:46
4k+

BSGG-niň ýolbaşçysy hantawirusy pandemiýa bilen deňeşdirmezlige çagyrdy

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) baş direktory Tedros Gebreýesus hantawirusyň COVID-19 pandemiýasy ýaly uly howp döretmeýändigini resmi taýdan mälim etdi....

08.05.2026 22:15
7.6k+

ABŞ-da heniz dünýä inmedik çaga operasiýa edilip, ýene ene göwresine ýerleşdirildi

Amerikanyň Florida ştatynda lukmanlar göwrelilik döwründe çaganyň bedeninde örän seýrek duş gelýän operasiýany amala aşyrdylar....