Apple bilen Ermitaž iPhone-da muzeý barada bäş sagatlyk filmi düşürdiler

  • 12.03.2020 21:54
  • 3.2k+

Apple kompaniýasy Ermitaž bilen bilelikde muzeý barada bir kadr bilen düşürilen filmi döretdiler. Ol kompaniýanyň Russiýadaky You-Tube kanalyna çykaryldy. Bu barada TASS habar berýär.
Film bäş sagatdan gowrak wagt dowam edýär. Ol, bellenilip geçilişi ýaly, iPhone 11 Pro Max-yň bir gezekki zarýadynda düşürilen. Kadrda muzeý boýunça gezelenç hödürlenilýär, şol gezelenjiň esasynda tomaşaçy 45 zaly we 600 töweregi dürli sungat eserlerini görüp bilýär.
Taslamanyň režissýorynyň aýtmagyna görä, film muzeý durmuşynyň bir gününi görkezmeklige edilen synanyşyk bolup durýar. Ol taslamada özi üçin wagtdan daşary döwrebap durmuş we tehnologiýa bilen hereket edýän sungat arabaglanyşygynyň möhümdigini belläp geçýär.
Ermitažyň baş müdiriniň bellemegine görä, film sungat eserlerini synçylyk bilen gözden geçirýän adamyň muzeý içi gezelenjini öz içine alýar. Onuň aýdyşy ýaly, kino iň döwrebap tehnologiýalaryň ulanylmagy bilen düşürildi, ýöne ol Ermitažy üýtgeşik tarapdan görkezmek bilen, nusgawy muzeýi we sungaty beýan edýär.
“Netijäni heniz bahalandyrmak kyn. Biz ahyryna çenli, meniň pikirimçe, nähili zadyň emele geljekdigine düşünip bilmedik. Taýýar önümden göwnühoş bolsam-da, meniň pikirimçe, filme heniz özüni we öz tomaşaçylaryny tapmak gerek. Men heniz hem žanry anyk kesgitläp bilemok – bu doly çeperçilik filmi däl, ýöne anyk mahabat hem däl. Men performans ýa-da meditasiýa emele geldimikä diýýärin. Islendik ýagdaýda-da, bu durmuşda ýeke gezek bolup biljek özboluşly zat” diýip režissýor belleýär.
Bu “iPhone-da düşürilen” taslamanyň ikinji wideosy. 2019-njy ýylyň dekabrynda amerikan režissýory Dewid Litç bu taslamanyň çäklerinde çagalar barada gysga metražly film düşürdi. Mundan başga-da, 2020-nji ýylyň fewral aýynyň ahyrynda aýdymçy Ledi Gaga hem “Stupid Love” aýdymyna täze klip çykardy, bu klip hem doly derejede iPhone 11 Pro-da düşürildi.
Belläp geçsek, ýazgydan soň, smartfonda ýene-de 19% zarýad galypdy. Bu filmi düşürmek üçin toparyň iki duşenbesi boldy, şol gün muzeýe gelýän adamlar üçin ýapyk bolýardy. Muňa garamazdan, muzeýde müňe golaý adam bardy – bu muzeýiň işgärleri. Filmiň dowamlylygy 5 sagat 19 minut 28 sekunt.

10.05.2026 22:08
7.9k+

Türk myhmanhanalary syýahatçylyk ýollanmalaryň bahasyny aşak düşürýärler: dynç almak üçin arzanladyşlar 25%-e ýetýär

Şu ýylyň mart aýynda Türkiýäniň syýahatçylyk pudagy halkara ýagdaýlaryň durnuksyzlygy sebäpli, öňünden bron edilýän syýahatçylaryň sanynyň ep-esli azalandygyny hasaba aldy. Bu barada Türkiýäniň Ekonomim gazeti......

03.05.2026 11:40
4.1k+

Alp daglarynda dünýäniň iň uzyn demir ýol tuneli gurulýar

Häzirki wagtda Alp daglarynyň aşagyndan dünýäniň iň uzyn demir ýol tunelini geçirmek boýunça gurluşyk işleri dowam edýär. Bu täsin desganyň taýyn görnüşdäki umumy uzynlygy 64 kilometre ýeter....

01.05.2026 15:59
4.5k+

Müsürde arheologlar faraon Ramses II-niň heýkelini tapdy

Arheologlar Eş-Şarkiýa sebitindäki gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda, çaklanylyşyna görä, faraon Ramses II-niň heýkelini tapdy. Bu barada Müsüriň Syýahatçylyk ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär....

28.04.2026 07:10
4.9k+

​"Şäher ägirt uly myhmanhana bolup bilmez": Afiny syýahatçylyk boýunça berk çäreleri yglan etdi

Afinynyň şäher häkimligi syýahatçylaryň aşa köp gelýändigi sebäpli taryhy Plaka etrabynda syýahatçylygy goldaýan ähli maksatnamalaryny togtatmak kararyna geldi. Geçen ýyl şäher rekord derejede 8 million......