Toyota RAV4 dünýäde iň meşhur krossower bolmagynda galýar

  • 11.03.2020 21:44
  • 2.9k+

“Focus2Move” statistik agentliginiň analitikleri 2019-njy ýylyň jemi boýunça dünýä awtobazarynda SUV segmentiniň iň meşhur awtomobilleriniň sanawyny neşir etdi.
Bu informasiýa laýyklykda, dünýäde iň meşhur krossower adyny Toyota RAV4 götermegini dowam etdirýär, oňa bolan isleg geçen ýylyň içinde 14% artdy, bu modeliň jemi 948 müň sanysy satyldy.
Bu sanawyň ikinji ornunda 811 müň 209 sanysynyň satylma netijesi (+11%) bilen Honda CR-V ýerleşdi, üçlügi Volkswagen Tiguan jemleýär, onuň 736 müň 885 sanysy satyldy (-8%).
Geçen ýyl boýunça dünýäde iň meşhur SUV-laryň sanawynda üçlükden soň şular gelýär: Hyundai Tucson (530 müň 169 sany; -7%), Nissan Qashqai (498 müň 915 awtomobil; -3%), Kia Sportage (477 müň 961 krossower; -3%), Chevrolet Equinox (430 müň 714 sany; -2%), Mazda CX-5 (426 müň 767 sany; -6%), Haval H6 (392 müň 605 ulag; -14%) we Nissan Rogue (389 müň 582 awtomobil; -15%).

şu gün 11:25
1

Türkmenistanyň küştçi gyzlary Buharadaky halkara ýaryşynda uly ýeňiş gazandy

2026-njy ýylyň 9 — 15-nji marty aralygynda Özbegistanyň Buhara şäherinde zenanlaryň arasynda IV halkara küşt ýaryşy geçirildi. Hindistandan, Russiýadan, Gazagystandan, Mongoliýadan, Awstriýadan, Belarusdan, Gyrgyzystandan we Özbegistandan gelen güýçli küştçüleriň gatnaşan bu bäsleşiginde Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary ýokary netijeleri görkezdi...

şu gün 11:16
72

BMW-niň ýolbaşçysy X5 krossoweriniň täze nesliniň tiz wagtdan tanyşdyryljakdygyny tassyklady

BMW kompaniýasy X5 krossoweriniň täze neslini taýýarlaýar. Modeliň tanyşdyrylyş dabarasyna eýýäm şu ýylyň tomsunda garaşylýar. Bu barada konserniň ýolbaşçysy Oliwer Sipse geçen ýylyň jemlerine bagyşlanan her ýyllyk maslahatda habar berdi...

şu gün 11:08
259

Tehasyň kenaryna jansyz wagty hem çakyp bilýän «gök aždarhalar» çykdy

ABŞ-nyň Tehas ştatynyň kenarýakasynda «gök aždarhalar» diýlip atlandyrylýan seýrak görnüşli zäherli molýuskalar tapyldy. Bu barada People neşiri habar berýär. Harta ylmy-barlag instituty (HRI) plýažlara gelýänlere bu açyk gök reňkli, mylkyk deňiz jandaryna el degirmegiň güýçli ýanyga uçradyp biljekdigi üçin, olara golaýlaşmazlygy duýdurdy...

şu gün 10:02
184

Apple Music-iň abunaçylary aýdymy dolulygyna göni TikTok-da diňläp bilerler

Apple Music-iň abunaçylary täze «Play Full Song» we «Listening Party» funksiýalarynyň kömegi bilen aýdymlary göni TikTok goşundysynyň içinde dolulygy bilen diňläp bilerler. Bu barada «The Verge» neşiri habar berýär...