Alymlar kompýuterleriň we smartfonlaryň howply täsirini aýtdylar

  • 09.03.2020 22:13
  • 4.7k+

Ýapon alymlary gajetleriň we kompýuterleriň huşsuzlygyň we depressiýanyň ösmegine ýardam edýändigini aýtdylar. Esasanam, 30-dan 60 ýaşa çenli aralykdaky adamlar bu meselä köp sezewar bolýarlar.
“Okumura” ýat klinikasynyň müdiri Aýumi Okumuranyň aýtmagyna görä, soňky ýyllarda ýadyň bozulma diagnozy bolan adamlaryň sany köpeldi, bu barada Nikkei Style neşiri habar berýär. Ekspert bu ýagdaýy adamlaryň telefonlary we kompýuterleri has işjeň ulanyp başlandyklary bilen düşündirýär, bu bolsa beýnini informasiýanyň uly möçberi bilen ýüklemek arkaly oňa negatiw täsir edýär. Adamyň beýnisi şeýle göwrüm bilen işleşmekden baş çykaryp bilmeýär, netijede ol “hapa taşlanýan ýere” öwrülýär diýip, Okumura hasaplaýar.
Waseda uniwersitetiniň professory, alym, neýrohirurg Ýesikuni Edagawa maňlaý bölekdäki frontal gabygyň informasiýanyň beýnide guralyşyna jogap berýändigini belleýär. Ol pikirlenmä, karara gelmä, ýadyň we emosiýanyň kontrollygyna hem jogap berýär. Şonuň üçin informasiýa köp bolan ýagdaýynda bu funksiýalaryň işi bozulyp bilinýär. Şeýle ýagdaýda, ýönekeý ýalňyşlaryň sany artýar, bilim derejesi peselýär, gahar-gazap döreýär we motiwasiýa hem-de gyzyklanma ýitýär.
Alymlar kompýuterde işlän ýa-da telewizor gören wagtyňda smartfon ulanmazlygy maslahat berýärler. Şeýle-de köpräk ýatmak gerek, sebäbi uky wagtynda beýni dynç alýar we dikelýär. Alymlar naharlanma wagtynda hem smartfon ulanmazlygy maslahat berýärler.
Öň, alymlar smartfonlaryň ulanylmagynyň beýnide düzedip bolmajak proseslere getirýändigini subut etdiler. Telefona bagly bolan adamlar hem neşekeşler ýaly merkezi nerw sistemasynyň esasy organynyň gurluş özgermelerine sezewar bolýarlar. “Smartfona bagly bolan adamlaryň” gajetler bilen tutuş güni geçirip, olardan aýrylyp bilmeýändikleri, telefondan aýrylmagyň bolsa howsala ýagdaýynyň ýüze çykmagyna getirýändigi bellenilip geçilýär.

düýn 18:22
8.5k+

Toyota Türkmenistanda tomusky aksiýasyny dowam edýär

2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan 30-njy iýuny aralygynda Toyota kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi serwis merkezleri islendik ýylda çykarylan we islendik modeldäki Toyota hem-de Lexus awtoulaglarynyň eýeleri......

düýn 17:00
3.9k+

Oňa 100-den gowrak ýurtda gymmatlyklaryny ynanýarlar. Gürrüň näme hakda?

Bu kompaniýanyň önümleri dünýäniň 100-den gowrak ýurduna eksport edilýär. Olar howpsuzlyk boýunça Ýewropa standartlaryna laýyk gelýär, halkara synaglardan geçirilýär we ähli degişli hil sertifikatlaryna eýe......

10.06.2026 18:39
4.1k+

Lomaý sargyt etmegiň täze tapgyry: telekeçiler «Birligi» saýlaýar

Dükan, market, kafe ýa-da restoran dolandyrýaňyzmy? Onda sizem soňsuz telefon jaňlaryna we araçylara wagt ýitirmegiňizi bes ediň. Telekeçiler eýýäm «Birlik» platformasy bilen satyn alyşyň has amatly görnüşine......

08.06.2026 15:19
6.5k+

Türkmenistanda howa maglumaty: hepdäniň başy we ahyry ýagyşly bolar

Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy Türkmenistanda şu hepde (8–14-nji iýun) bolmagyna garaşylýan howa barada maglumat berdi....