Amerikan alymlary şizofreniýanyň täze görnüşini ýüze çykardylar

  • 08.03.2020 22:48
  • 3.7k+

Pensilwaniýa uniwersitetiniň Perelman Medisina mekdebiniň hünärmenler topary geçirilen barlaglaryň dowamynda şizofreniýanyň öň näbelli bolan görnüşini ýüze çykardylar, ýagny onuň bu görnüşi üçin beýniniň göwrüminiň “ýitmegi” häsiýetli däl.
Öň ylma şizofreniýa bilen keselli adamlarda kelle beýnisindäki çal maddanyň möçberiniň peselýändigi bellidi. Hut şu hem kognitiw funksiýalaryň bozulmagynyň esasy sebäbi bolup durýar, bu barada MediaPotok portaly ýazýar.
Geçirilen barlagyň çäklerinde ady agzalan keseli bolan 306 sany meýletinçiniň maglumatlary öwrenildi. Eksperimente gatnaşyjylar Germaniýanyň, HHR-iň we ABŞ-nyň ýaşaýjylary bolup, olaryň ýaşy 45-den geçýärdi. Mundan başga-da, alymlar 364 sany sagdyn adamdan ybarat bolan barlag toparyny hem döretdiler.
Barlaga gatnaşyjylaryň ählisine MRT-skanlaryny etdiler. Onuň netijesinde, näsaglaryň 40%-niň beýnisiniň daşky bozulmalara eýe däldigi anyklanyldy. Ol öz göwrümini, gurluşyny we massasyny şol bolşuna saklapdyr. Näsazlyk kelle beýnisiniň ýarym şarlarynyň esasy ýadrolaryna degişli bolan zolak jisimiň ösüşinde bellige alyndy. Zolak jisim agram düşmäniň esasynda işläp başlaýar. Onuň işiniň bozulmagy Parkinsong keseliniň, Turetta we beýleki birnäçe bozulmalaryň alamatlarynyň ýüze çykmagyna getirýär diýip alymlar belleýärler.
Öň MediaPotok portaly şizofreniýanyň beýniniň neýronlarynyň arasyndaky aragatnaşygyň esasynda beloklaryň derejesiniň peselmegine getirýändigi barada hem habar berdi.

18.03.2026 19:44
2.4k+

2030-njy ýyla çenli inçekeseli ýok etmek boýunça Aşgabatda maslahat geçirildi

BMG-niň Aşgabatdaky binasynda Bütindünýä inçekesele garşy göreş gününe bagyşlanan ylmy-amaly okuw maslahaty geçirildi. Çäräni BSGG-niň Türkmenistandaky ýurt boýunça edarasy gurady. Maslahatyň esasy mowzugy 2030-njy ýyla çenli inçekeseli ýok etmek baradaky maksada ýetmek üçin görülmeli çäreleri ara alyp maslahatlaşmak boldy...

10.03.2026 19:18
7.4k+

Alymlar adaty şpris bilen organizme goýberip bolýan «kiçijik bagyrlary» döretdi

Gepatit B we C ýaly bagyr keselleri, köplenç, bagyr ýetmezçiligine getirýär we bu ýagdaýda ýeke-täk çykalga transplantasiýa bolýar. Ýöne donor organlarynyň ýetmezçilik etmegi netijesinde köp hassalar saglyk ýagdaýy sebäpli hatda operasiýa garaşýanlaryň sanawyna-da girip bilmeýär...

10.03.2026 10:33
5.9k+

Aşgazanasty mäziň düwnük keselini dermanlara boýun egdirmegiň ýoly tapyldy

Alymlar aşgazanasty mäziň ragynyň himiýaterapiýa garşy durnukly bolmagyna kömek edýän mehanizmi anykladylar. Geçirilen barlaglar belli bir genetik üýtgeşmeleriň täsirinde çişiň has agressiw ýagdaýa geçip bilýändigini görkezdi...

09.03.2026 17:03
1.3k+

Alymlar Rett sindromyny bejermegiň has ygtybarly usulyny tapdylar

Amerikaly molekulýar biologlar Rett sindromyna sezewar bolanlaryň beýni öýjüklerinde MECP2 belogynyň işlenip çykarylyşyny takmynan 60% ýokarlandyrýan täze bejeriş usulynyň nusgasyny işläp düzdüler. TASS agentliginiň Beýlor lukmançylyk kollejiniň metbugat gullugyna salgylanyp berýän habaryna görä, bu açyş käbir genetik bejergilere garanyňda has ygtybarly we howpsuz bolar...