Lukmanlar gajetleriň çaganyň beýnisine nähili täsir edýändigini anykladylar

  • 06.03.2020 23:29
  • 5.4k+

Täze geçirilen barlaglar alymlaryň planşetleri, smartfonlary çendenaşa köp ulanmagyň, hatda telegepleşiklere köp tomaşa etmegiň hem çagalaryň akyl ukybynyň bozulmagyna getirýändigi baradaky pikirini tassyklady.
Sinsinnati (ABŞ) Çagalar hassahanasynyň hünärmenleri 3-5 ýaşly 27 sany gyzjagazyň we 20 sany oglanjygyň gatnaşmagynda barlag geçirdiler, bu barada lenta.ua saýtyna salgylanmak bilen cursorinfo.co.il habar berýär.
Çagalar akyl ukyby bilen bagly testden geçdiler, soňra kelle beýnisiniň MRT-barlagy geçirildi, ene-atalar bolsa çagalarynyň gajet ekranlarynyň öňünde geçirýän anyk wagtyny görkezmelidi.
Barlagyň jemi oňaýly netijäni görkezmedi. Ýagny, çagalaryň ählisinde diýen ýaly kognitiw ukyplarynyň peselendigi ýüze çykaryldy. Üstesine-de, çagalar gajetleri elinden düşürmän näçe köp wagt geçirseler, olara täze informasiýalary ýatda saklamak, öz pikirlerini we sözlemlerini dogry gurnamak şonça-da kyn bolýar.
MRT-barlaglar nerw impulslarynyň geçirilmegine jogap berýän neýronlaryň mielin gabyklarynyň emele gelmeginde möhüm bölek bolup durýan ak beýni maddasynyň bitewiliginiň peselýändigini görkezdi. Netijeleri seljermek bilen, lukmanlar şeýle netijä geldiler, ýagny beýniniň ak madda ýetmezçiligi çagalaryň akyl ukybynyň peselmegine getirýän esasy sebäp bolup durýar.
Pediatrlar 2-5 ýaşly ýagalar üçin gajetleri bilen geçirilýän wagty bir gije-gündizde bir sagada çenli çäklendirmegi maslahat berýärler.

12.06.2026 18:22
9k+

Toyota Türkmenistanda tomusky aksiýasyny dowam edýär

2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan 30-njy iýuny aralygynda Toyota kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi serwis merkezleri islendik ýylda çykarylan we islendik modeldäki Toyota hem-de Lexus awtoulaglarynyň eýeleri......

12.06.2026 17:00
4.1k+

Oňa 100-den gowrak ýurtda gymmatlyklaryny ynanýarlar. Gürrüň näme hakda?

Bu kompaniýanyň önümleri dünýäniň 100-den gowrak ýurduna eksport edilýär. Olar howpsuzlyk boýunça Ýewropa standartlaryna laýyk gelýär, halkara synaglardan geçirilýär we ähli degişli hil sertifikatlaryna eýe......

10.06.2026 18:39
4.1k+

Lomaý sargyt etmegiň täze tapgyry: telekeçiler «Birligi» saýlaýar

Dükan, market, kafe ýa-da restoran dolandyrýaňyzmy? Onda sizem soňsuz telefon jaňlaryna we araçylara wagt ýitirmegiňizi bes ediň. Telekeçiler eýýäm «Birlik» platformasy bilen satyn alyşyň has amatly görnüşine......

08.06.2026 15:19
6.5k+

Türkmenistanda howa maglumaty: hepdäniň başy we ahyry ýagyşly bolar

Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy Türkmenistanda şu hepde (8–14-nji iýun) bolmagyna garaşylýan howa barada maglumat berdi....