DIM: «Howply ýokanç keselleriň Türkmenistana aralaşmagynyň öňüni almak boýunça zerur çäreler görülýär»

  • 06.03.2020 00:04
  • 9.5k+

Türkmenistanda howply ýokanç keselleriň ýurdumyza aralaşmagynyň öňüni almak boýunça zerur çäreler milli kanunçylygy hasaba almak bilen, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň maslahatlaryna laýyklykda alnyp barylýar. Bu barada 5-nji martda Daşary işler ministrliginde Türkmenistanda işleýän diplomatik missiýalaryň we halkara guramalaryň ýolbaşçylarynyň hem-de wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen nobatdaky brifingde bellenildi.
Duşuşyk ýurdumyza ýiti wirus ýokanç keselleriň aralaşmagynyň öňüni almak boýunça geçirilen çärelere bagyşlandy.
Çykyşlaryň dowamynda Türkmenistanyň ilatyň saglyk we öňüni alyş meselelerinde bilim derejesiniň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen düşündiriş işleriniň giň hem-de yzygiderli alnyp barylýandygy bellenildi, munuň özi epidemiologiýa gözegçiliginiň möhüm bölegi bolup durýar.
Türkmenistanlylary zerur derman serişdeleri bilen üpjün etmek boýunça uly işler geçirildi. Şeýle hem Türkmenistanyň Hökümetiniň ulagyň ýerüsti, demirýol, howa we deňiz gatnawlary görnüşleriniň netijeli hem-de bökdençsiz işlemegi üçin ähli çäreleri görýändigi bellenildi.
Häzirki wagtda maşgala lukmanlary tarapyndan ilatyň arasynda ýiti respirator kesellerine garşy sanjym işleri geçirilýär, talyplaryň, mekdep okuwçylarynyň, şeýle hem çagalar baglaryna gatnaýan körpeleriň we olaryň ene-atalarynyň arasynda düşündiriş - öňüni alyş çäreleri işjeňleşdirildi. Ýurdumyzyň lukmançylyk edaralarynda degişli okuw-amaly maslahatlar guralýar.
Türkmenistanda bu toplumlaýyn işleriň ählisiniň Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň talaplaryna laýyklykda amala aşyrylýandygyny hem-de bu guramanyň makullamagyna mynasyp bolandygyny bellemek gerek.
Gurbanguly Berdimuhamedowyň beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen, yzygiderli öňüni alyş çäreleri geçirildi. Şunuň bilen baglylykda, Keselleriň ýaýramagyna garşy göreş boýunça adatdan daşary toparyň dolandyryş merkezleri döredildi. Iş meýilnamasyna laýyklykda, ýokarda agzalan ýokanç keselleriniň ýurdumyza aralaşmagynyň öňüni almak maksady bilen, durmuşa geçirilýän çärelere gözegçilik etmek we seljermek işleri alnyp barylýar.

düýn 23:49
520

Ýewropada Alsgeýmer keselini anyklamak üçin täze gan barlagy tassyklanyldy

Şweýsariýanyň Roche derman senagaty kompaniýasy Alsgeýmer keselini anyklamak we inkär etmek üçin «Elecsys pTau217» gan barlagyny ulanmaga Ýewropadan rugsat aldy....

11.05.2026 23:10
2.9k+

ABŞ-da bäş aýlyk çagada Kanawan keselini bejermek boýunça seýrek operasiýa geçirildi

ABŞ-da seýrek duş gelýän neslegeçiji keselleriň biri bolan Kanawan keselinden ejir çekýän irlandiýaly bäbekde synag görnüşindäki gen terapiýasy amala aşyryldy. Bu ädim dünýäde şular ýaly ilkinji lukmançylyk......

10.05.2026 18:46
4k+

BSGG-niň ýolbaşçysy hantawirusy pandemiýa bilen deňeşdirmezlige çagyrdy

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) baş direktory Tedros Gebreýesus hantawirusyň COVID-19 pandemiýasy ýaly uly howp döretmeýändigini resmi taýdan mälim etdi....

08.05.2026 22:15
7.6k+

ABŞ-da heniz dünýä inmedik çaga operasiýa edilip, ýene ene göwresine ýerleşdirildi

Amerikanyň Florida ştatynda lukmanlar göwrelilik döwründe çaganyň bedeninde örän seýrek duş gelýän operasiýany amala aşyrdylar....