Bill Geýts koronawirusy XX asyryň başyndaky “ispanka” pandemiýasy bilen deňeşdirdi

  • 02.03.2020 16:34
  • 9k+

Secretmag.ru saýtynyň habar bermegine görä, Microsoft kompaniýasyny esaslandyryjy Bill Geýts özüniň “New England Journal of Medicine” žurnaly üçin ýazan makalasynda COVID-19 koronawirus ýaýrawynyň häzirki wagtda tutuş dünýäniň ätiýaç edýän ölüm howply pandemiýa öwrülmeginiň mümkindigini belleýär. Milliarder täze infeksiýanyň tutuş dünýä boýunça ýaýraýyş tizligini XX asyrda 50 mln-dan gowrak adam ölümine getiren 1918-nji ýylyň ispan keseliniň epidemiýasy bilen deňeşdirdi.
“Geçen hepde COVID-19 biziň howatyr eden petogenimize meňzeş boldy. Men ähli zat o diýen erbet däldir diýip umyt edýärin, ýöne biz munuň diňe garşy tarapyny bilýänçämiz şeýle boljakdygyny göz öňünde tutmaly” – diýip, Geýts ýazýar.
Microsoft-y esaslandyryjy koronawirusyň howpy ýüze çykaryjy iki sebäbi bar diýip hasaplaýar. Birinji: infeksiýa saglyk ýagdaýy bilen meselesi bolan diňe bir garry adamlaryň däl-de, eýsem, sagdyn uly ýaşly adamlaryň hem aradan çykmagyna getirýär. Alnan maglumatlar koronawirusyň 1% töweregi ölüm bilen gutarmaklyk howpuna eýedigini görkezýär, bu görkeziji ony adaty möwsümleýin dümewden has hem howply edýär we COVID-19-y 1957-nji ýylyň dümew pandemiýasy (0,6%) bilen 1918-nji ýylyň “ispanka” pandemiýasynyň (2%) arasynda ýerleşdirýär.
Geýtsiň aýtmagyna görä, ikinji sebäp COVID-19-yň adamdan adama howa-damja ýoly ýa-da el gysma arkaly ýeterlik derejede çalt geçýändiginden ybaratdyr.
Onuň aýtmagy boýunça, koronawirus pandemiýasyny ýeňmek üçin ýurtlaryň hökümeti we biznes-bileleşikleri sanjym taýýarlar ýaly milliardlarça dollary sarp etmeli bolýar. “Eger-de bu sanjymlaryň bir ýa-da birnäçesi haýwanlardaky synaglarda howpsuz we netijeli bolsa, ony iýunda adamlary bejermek üçin ulanyp bolar” – diýip Geýts ýazýar. Ol pandemiýa wagtynda sanjymlaryň we wirusa garşy serişdeleriň ýokary bahadan satylmaly däldigini belleýär.
Mundan başga-da, ýaşaýyş derejesi pes we orta bolan ýurtlara olaryň başlangyç lukman-sanitar kömegi ulgamyny berkitmekde kömek etmeli.
Şu ýylyň fewral aýynyň başynda Geýtsiň we onuň aýaly Melinda Geýtsiň haýyr-sahawat fondy (Bill & Melinda Gates Foundation) koronawirus ýaýrawy bilen göreşe $100 mln sarp etjekdigini mälim etdi.

düýn 23:49
520

Ýewropada Alsgeýmer keselini anyklamak üçin täze gan barlagy tassyklanyldy

Şweýsariýanyň Roche derman senagaty kompaniýasy Alsgeýmer keselini anyklamak we inkär etmek üçin «Elecsys pTau217» gan barlagyny ulanmaga Ýewropadan rugsat aldy....

11.05.2026 23:10
2.9k+

ABŞ-da bäş aýlyk çagada Kanawan keselini bejermek boýunça seýrek operasiýa geçirildi

ABŞ-da seýrek duş gelýän neslegeçiji keselleriň biri bolan Kanawan keselinden ejir çekýän irlandiýaly bäbekde synag görnüşindäki gen terapiýasy amala aşyryldy. Bu ädim dünýäde şular ýaly ilkinji lukmançylyk......

10.05.2026 18:46
4k+

BSGG-niň ýolbaşçysy hantawirusy pandemiýa bilen deňeşdirmezlige çagyrdy

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) baş direktory Tedros Gebreýesus hantawirusyň COVID-19 pandemiýasy ýaly uly howp döretmeýändigini resmi taýdan mälim etdi....

08.05.2026 22:15
7.6k+

ABŞ-da heniz dünýä inmedik çaga operasiýa edilip, ýene ene göwresine ýerleşdirildi

Amerikanyň Florida ştatynda lukmanlar göwrelilik döwründe çaganyň bedeninde örän seýrek duş gelýän operasiýany amala aşyrdylar....