Koronawirusdan goranmak boýunça maslahatlar — Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasy

  • 23.02.2020 20:43
  • 14k+

Bu günki gün ýurtlaryň we sebitleriň ençemesini gurşap alan täze koronawirus ýokanjynyň ýaýramagy dünýäni aladalandyrýar. Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy halkara bilermenleri bilen bilelikde bu ýokanjyň ýaýramagyna gözegçilik edýär we döwletlere bu ugurdan degişli taýýarlyk işlerini görmäge ýardam edýär. BSGG-niň başlygy ilaty bu ýokanjyň öňüni almak we saglygyňy goramak bilen bagly gözükdirmeleri geçmäge çagyrdy. Bu barada Orient agentligi belleýär.
Öz-özüňi we ýakynlaryňy täze koronawirus ýokanjyndan goramak üçin ýerine ýetirilmegi zerur bolan käbir maslahatlar:
— elleriňizi yzygiderli ýagdaýda sabyn bilen ýuwmaly ýa-da düzüminde spirt bolan serişdeler bilen arassalamaly. Arassa mata ýa-da bir gezeklik süpürgiçleri ulanyň. Ýokanç, esasan, howa-damja ýoly bilen ýokuşýar. Şol bir wagtda ol birnäçe sagadyň dowamynda predmetlerde hem işjeňligini saklap galyp bilýär;
— asgyrmada, üsgürmede agzyňy we burnuňy epilen tirsegiň bilen ýa-da salfetka bilen ýapmaly. Soňra salfetkany ýapyk guta taşlamaly;
 — sowuklama ýa-da dümew alamatlary bolan näsaglar bilen ýakyn gatnaşyk etmekden gaça durmaly, jemgyýetçilik ýerlerinde aralygy saklamaly;
— mümkin boldugyndan, eliň bilen gözleriňi, burnuňy we agzyňy ellemeli däl. Ýokanç kesel degen eliň bilen gözleriňi, burnuňy ýa-da agzyňy elläp ony bedeniň içine geçirmek bolar;

— bedeniň gyzgynlyk derejesi ýokarlananda, üsgürmäniň bolmagy we dem almakda kynçylyklar ýüze çykaýan badyna lukmana ýüz tutmaly;
— näsag ýa-da sergezdan haýwanlara galtaşmakdan gaça duruň. Bazara barlanda arassaçylyk düzgünlerini berjaý ediň;
— iýmitde çig ýa-da degişli termiki işläp taýýarlamany geçmedik iýmitleri peýdalanmakdan gaça durmaly.
Eger-de sizde dümewiň ýa-da sowuklamanyň alamatlary bar bolsa, onda lukmançylyk gorag maskalaryny geýmek teklip edilýär.

düýn 23:49
520

Ýewropada Alsgeýmer keselini anyklamak üçin täze gan barlagy tassyklanyldy

Şweýsariýanyň Roche derman senagaty kompaniýasy Alsgeýmer keselini anyklamak we inkär etmek üçin «Elecsys pTau217» gan barlagyny ulanmaga Ýewropadan rugsat aldy....

11.05.2026 23:10
2.9k+

ABŞ-da bäş aýlyk çagada Kanawan keselini bejermek boýunça seýrek operasiýa geçirildi

ABŞ-da seýrek duş gelýän neslegeçiji keselleriň biri bolan Kanawan keselinden ejir çekýän irlandiýaly bäbekde synag görnüşindäki gen terapiýasy amala aşyryldy. Bu ädim dünýäde şular ýaly ilkinji lukmançylyk......

10.05.2026 18:46
4k+

BSGG-niň ýolbaşçysy hantawirusy pandemiýa bilen deňeşdirmezlige çagyrdy

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) baş direktory Tedros Gebreýesus hantawirusyň COVID-19 pandemiýasy ýaly uly howp döretmeýändigini resmi taýdan mälim etdi....

08.05.2026 22:15
7.6k+

ABŞ-da heniz dünýä inmedik çaga operasiýa edilip, ýene ene göwresine ýerleşdirildi

Amerikanyň Florida ştatynda lukmanlar göwrelilik döwründe çaganyň bedeninde örän seýrek duş gelýän operasiýany amala aşyrdylar....