Ýaponiýa koronawirusyň barlygyny 50 minutda ýüze çykarýan reagenti işläp taýýarlaýar

  • 22.02.2020 22:22
  • 9.5k+

Ýaponiýanyň Tosoh Corp. himiki kompaniýasy COVID-2019 koronawirus ýokanjynyň barlygyny 50 minuda ýetmän ýüze çykarmaga ukyply täze reagentiň üstünde işleýär. Belläp geçsek, häzirki bar bolan analizler alty sagada çekýär, diýip Trend agentligi Ria Nowostä salgylanyp habar berýär.
«Tosoh garşylyklaýyn transkripsiýanyň transkripsiýasy usulynyň kömegi bilen täze koronawirusy ýüze çykarmak üçin reagenti işläp taýýarlap başlady. Onuň netijesinde nuklein turşulyklary ýüze çykarylýar. Bu reagenti we bar bolan TRCReady®-80 testirlemek ulgamyny peýdalanmak arkaly biz öz öňümizde koronawirusy 50 minuda ýetmän ýüze çykarmak wezipesini goýýarys« diýlip metbugat relizinde aýdylýar.
Häzirki wagtda ýapon kompaniýasy bu usuly gysga wagtda norowirus, inçe kesel, jyns ýollary arkaly geçýän inçekesel däl mikrobakterialary we ýokançlary ýüze çykarmaga mümkinçilik berýär.
Häzirki wagta çenli Ýaponiýada COVID-2019 koronawirus ýokanjy 743 adamda ýüze çykaryldy. Şolaryň 634-si Ýokogama ýapon portundaky Diamond Princess syýahatçylyk laýneriniň işgärleri we ýolagçylarydyr.

düýn 23:49
520

Ýewropada Alsgeýmer keselini anyklamak üçin täze gan barlagy tassyklanyldy

Şweýsariýanyň Roche derman senagaty kompaniýasy Alsgeýmer keselini anyklamak we inkär etmek üçin «Elecsys pTau217» gan barlagyny ulanmaga Ýewropadan rugsat aldy....

11.05.2026 23:10
2.9k+

ABŞ-da bäş aýlyk çagada Kanawan keselini bejermek boýunça seýrek operasiýa geçirildi

ABŞ-da seýrek duş gelýän neslegeçiji keselleriň biri bolan Kanawan keselinden ejir çekýän irlandiýaly bäbekde synag görnüşindäki gen terapiýasy amala aşyryldy. Bu ädim dünýäde şular ýaly ilkinji lukmançylyk......

10.05.2026 18:46
4k+

BSGG-niň ýolbaşçysy hantawirusy pandemiýa bilen deňeşdirmezlige çagyrdy

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) baş direktory Tedros Gebreýesus hantawirusyň COVID-19 pandemiýasy ýaly uly howp döretmeýändigini resmi taýdan mälim etdi....

08.05.2026 22:15
7.6k+

ABŞ-da heniz dünýä inmedik çaga operasiýa edilip, ýene ene göwresine ýerleşdirildi

Amerikanyň Florida ştatynda lukmanlar göwrelilik döwründe çaganyň bedeninde örän seýrek duş gelýän operasiýany amala aşyrdylar....