Huawei garaşylmadyk sowgat taýýarlaýar

  • 21.02.2020 21:46
  • 4.5k+

Huawei kompaniýasy ýakynda nähilidir bir täze önümleriň anonsyna bagyşlanylan press-konferensiýasyny geçirjekdigi barada aýdylýan resmi bildirişini neşir etdi.
Bu çäre Mobile World Congress 2020 sergisiniň ýatyrylmagyna sebäp bolan Hytaýdaky koronawirus ýaýrawy zerarly onlaýn press-konferensiýa formatynda geçiriler. Huawei çäräniň formatyny onuň real wagtda iňlis dilinde görkeziljekdigine wada bermek bilen üýtgetdi.
Bildiriş bilen bagly suratda Huaweiň geçen ýylyň tomsunda hödürlän “1+8+N” konsepsiýasy barada ýatlanylýar. “1” kategoriýasyna smartfonlar degişli ediler, “8” kategoriýa kompýuterler, planşetler, telewizorlar, kolonkalar, nauşnikler, äýnekler, “akylly” sagatlar we awtomobiller girizildi. “N” belgisiniň astynda mobil edaralar, “akylly” öýler, sport, saglyk, audiowizual güýmenjeler we intellektual syýahatçylyk önümleri ýerleşdirilen.
Bu diýildigi metbugat maslahatynda dürli harytlaryň hödürleniljekdigini aňladýar. Ýöne Huaweiň bu çärede Huawei P40 we P40 Pro smartfonlaryny görkezjekdigi näbelli, çünki öň kompaniýa olary mart aýynyň ahyrynda hödürlejekdigini aýtdy.

düýn 11:00
493

Apple-iň WWDC çäresi 8-12-nji iýunda geçiriler: iOS 27-niň hödürlenmegine garaşylýar

Apple amerikan korporasiýasy Bütindünýä işläp düzüjiler maslahatynyň (Worldwide Developers Conference) 2026-njy ýylyň 8-12-nji iýun aralygynda geçiriljekdigini yglan etdi. WWDC 2026 çäresiniň esasy bölegi onlaýn görnüşde guralar, onuň çäginde 100-den gowrak wideo-sessiýa geçiriler...

23.03.2026 10:34
2.3k+

Apple öz operasion ulgamlarynyň täzeleniş ulgamyny üýtgetdi we könelen smartfonlarynyň sanawyny giňeltdi

Apple kompaniýasy howpsuzlyk täzelenmeleriniň täze formatyny — «Background Security Improvement» hödürledi, şeýle-de birnäçe köne enjamlary resmi taýdan könelen diýip yglan etdi. Täze mehanizm iOS, iPadOS we macOS ulgamlarynyň esasy täzelenmeleriniň arasynda kiçiräk düzedişleri gurnamaga mümkinçilik berýär...

23.03.2026 05:29
3.1k+

Samsung 25-nji martda Galaxy A hatarynyň täze smartfonlaryny tanyşdyrar

Samsung kompaniýasy 25-nji martda Galaxy A hatarynyň täze smartfonlarynyň tanyşdyrylyşyny geçirer. Bu baradaky maglumat Samsung India resmi saýtynda peýda boldy. Sahypada tanyşdyrylyşyň senesi we ýerli wagt bilen sagat 17:30-da başlanjakdygy baradaky mahabat bölümi ýerleşdirildi...

22.03.2026 23:11
2.3k+

WhatsApp ulanyjylara hasap açmazdan aragatnaşyk saklamaga mümkinçilik berer: Nädip?

WhatsApp messenjeri agza bolmazdan aragatnaşyk saklamaga mümkinçilik berýän "myhman çatlary" funksiýasynyň synaglaryny giňeldýär. Android ulgamyndaky barlaglardan soň, bu mümkinçilik iOS we web wersiýalarynyň beta-ulanyjylarynyň bir bölegine hem elýeterli boldy diýip, WABetaInfo habar berýär...