LG kompaniýasy birbada üç sany täze smartfony hödürledi

  • 20.02.2020 21:56
  • 3.4k+

LG smartfonlar lineýkasyna birbada üç sany täze model goşuldy: LG K61, LG K51S we LG K41S. Täze smartfonlaryň üçüsi hem elýeterli smartfonlaryň kategoriýasyna degişli bolup, olar 6,5-dýuýmly displeý, kwadrokamera we 4000 mA/sag sygymly batareýa bilen üpjün edilýär.
LG K61 lineýkada iň kuwwatly model boldy. Ol FHD+ ygtyýarly we taraplary 19,5:9 gatnaşykly 6,5 dýuýmly displeý bilen üpjün edilen. Displeýde 16 Mp datçikli frontal kamera ýerleşdirilen. Smartfonuň içinde 23 GGs takt ýygylykly prosessor, 4 GB operatiw ýat we 64/128 GB fleş-ýady oturdylýar. Esasy kamera şulary özünde jemleýär: 48 Mp esasy datçik, 8 Mp datçik, 5 Mp megapiksel datçik we 2 Mp makrodatçik.
LG K51S hem 6,5 dýuýmly displeýe eýe boldy, ýöne ol HD+ ygtyýarly. Telefonuň içinde 2,3 GGs ýygylykly çipset, 3 GB operatiw ýat we 64 GB fleş-ýat ýerleşýär. Esasy kamera 32, 5, 2 we 2 Mp datçikli dört sany moduldan ybarat. Frontal kamera 13 Mp eýe. K61S ýaly bu model hem Bluetooth 5.0, NFC, Google Assistant sistemalaryna, USB-C portuna, audiobölege we DTS: X 3D Surround Sound-a eýe boldy.
LG K41S HD+ ygtyýarly taraplary 20:9 gatnaşykly, 6,5 dýuýmly displeýe eýe boldy. Ady atlandyrylmadyk prosessor 2,0 GGs ýygylykda işleýär, ol 3 GB operatiw ýat we 32 GB fleş-ýat bilen üpjün edildi. Esasy kameranyň baş datçigi 13 Mp, galan modullar LG K51 S smartfonuňky bilen meňzeş. Selfi-kamera 8 Mp.
LG heniz täze smartfonlaryň bahasyny mälim edenok. Kompaniýa diňe olaryň 2020-nji ýylyň ikinji ýarymynda satuwa çykjakdygyny habar berdi.

düýn 11:00
493

Apple-iň WWDC çäresi 8-12-nji iýunda geçiriler: iOS 27-niň hödürlenmegine garaşylýar

Apple amerikan korporasiýasy Bütindünýä işläp düzüjiler maslahatynyň (Worldwide Developers Conference) 2026-njy ýylyň 8-12-nji iýun aralygynda geçiriljekdigini yglan etdi. WWDC 2026 çäresiniň esasy bölegi onlaýn görnüşde guralar, onuň çäginde 100-den gowrak wideo-sessiýa geçiriler...

23.03.2026 10:34
2.3k+

Apple öz operasion ulgamlarynyň täzeleniş ulgamyny üýtgetdi we könelen smartfonlarynyň sanawyny giňeltdi

Apple kompaniýasy howpsuzlyk täzelenmeleriniň täze formatyny — «Background Security Improvement» hödürledi, şeýle-de birnäçe köne enjamlary resmi taýdan könelen diýip yglan etdi. Täze mehanizm iOS, iPadOS we macOS ulgamlarynyň esasy täzelenmeleriniň arasynda kiçiräk düzedişleri gurnamaga mümkinçilik berýär...

23.03.2026 05:29
3.1k+

Samsung 25-nji martda Galaxy A hatarynyň täze smartfonlaryny tanyşdyrar

Samsung kompaniýasy 25-nji martda Galaxy A hatarynyň täze smartfonlarynyň tanyşdyrylyşyny geçirer. Bu baradaky maglumat Samsung India resmi saýtynda peýda boldy. Sahypada tanyşdyrylyşyň senesi we ýerli wagt bilen sagat 17:30-da başlanjakdygy baradaky mahabat bölümi ýerleşdirildi...

22.03.2026 23:11
2.3k+

WhatsApp ulanyjylara hasap açmazdan aragatnaşyk saklamaga mümkinçilik berer: Nädip?

WhatsApp messenjeri agza bolmazdan aragatnaşyk saklamaga mümkinçilik berýän "myhman çatlary" funksiýasynyň synaglaryny giňeldýär. Android ulgamyndaky barlaglardan soň, bu mümkinçilik iOS we web wersiýalarynyň beta-ulanyjylarynyň bir bölegine hem elýeterli boldy diýip, WABetaInfo habar berýär...