Hytaý «Arbidoly» koronawirusa garşy derman diýip ykrar etdi

  • 20.02.2020 21:30
  • 11k+

Hytaýda “Arbidoly” koronawirusa garşy derman diýip resmi taýdan ykrar etdiler. Wirusa garşy derman keseli anyklaýşyň we öňüni alşyň deslapky meýilnamasynyň altynjy wersiýasyna girizildi, bu barada saglygy goraýşyň milli komissiýasynyň saýtynda aýdylýar. Ozalky bäşinji wersiýa 5-nji fewraldan bäri hereket etdi diýip, vedomosti.ru habar berýär.
“Arbidol” dermanyndan başga-da, meýilnamanyň täze wersiýasynda testden geçirme üçin birnäçe serişdeler görkezilen: hlorohinfosfat we interferen bilen birleşen ribawirin, şeýle-de lopinawirom ýa-da ritonawirom. Wirusa garşy serişdeler meýilnama ilkinji gezek girizilýär. Öňki wersiýalarda koronawirusa garşy tassyklanan netijeli serişdäniň heniz ýokdugy barada aýdylýardy.
“Arbidol” durmuşy taýdan möhüm we esasy derman serişdeleriniň rus sanawyna girýär. DSM Group agentliginiň maglumatlaryna görä, ol Russiýada wirusa garşy iň meşhur serişdeleriň hataryna girvqr. “Arbidolyň” koronawirusa garşy netijeli bolmagynyň mümkindigi barada ilkinji bolup HHR-niň saglygy goraýşyň Milli komissiýasynyň maslahatçysy, epidemiolog Li Lanszýuan habar berdi. Onuň berýän maglumatlaryna görä, başlangyç testler bu serişdäniň wirusyň ösmegine garşy netijeli durup biljekdigini görkezdi. Muňa garamazdan, “Arbidolyň” koronawirusa garşy netijeliliginiň resmi taýdan tassyklanmasy heniz ýok.
Täze koronawirus bilen kesellänleri bejermek üçin öň SARS-CoV we MERS-CoV wiruslarynyň ýaýrawynda peýdalanylan serişdeler ribawirin, lopinawir+ritonawir we interferon serişdeleri ulanylýar.

düýn 23:49
520

Ýewropada Alsgeýmer keselini anyklamak üçin täze gan barlagy tassyklanyldy

Şweýsariýanyň Roche derman senagaty kompaniýasy Alsgeýmer keselini anyklamak we inkär etmek üçin «Elecsys pTau217» gan barlagyny ulanmaga Ýewropadan rugsat aldy....

11.05.2026 23:10
2.9k+

ABŞ-da bäş aýlyk çagada Kanawan keselini bejermek boýunça seýrek operasiýa geçirildi

ABŞ-da seýrek duş gelýän neslegeçiji keselleriň biri bolan Kanawan keselinden ejir çekýän irlandiýaly bäbekde synag görnüşindäki gen terapiýasy amala aşyryldy. Bu ädim dünýäde şular ýaly ilkinji lukmançylyk......

10.05.2026 18:46
4k+

BSGG-niň ýolbaşçysy hantawirusy pandemiýa bilen deňeşdirmezlige çagyrdy

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) baş direktory Tedros Gebreýesus hantawirusyň COVID-19 pandemiýasy ýaly uly howp döretmeýändigini resmi taýdan mälim etdi....

08.05.2026 22:15
7.6k+

ABŞ-da heniz dünýä inmedik çaga operasiýa edilip, ýene ene göwresine ýerleşdirildi

Amerikanyň Florida ştatynda lukmanlar göwrelilik döwründe çaganyň bedeninde örän seýrek duş gelýän operasiýany amala aşyrdylar....