Opel 15 ýyldan soň ýapon bazaryna dolanýar

  • 19.02.2020 21:36
  • 6k+

Opel kompaniýasy heniz General Motors birleşiginiň düzüminde wagty Ýaponiýada satuw işini bes edenden 15 ýyldan soň ýapon bazaryna dolanýandygyny habar berdi. Opel ulaglarynyň öndürilmegi Ýaponiýada 2021-nji ýylda başlanar. Indiki ýyldan ýyldyrym logotipli brend birbada üç sany modeli işe girizer: Ýaponiýada başga ada eýe bolup biljek Corsa bestselleri, köp funksionally Combo Life we Grandland X krossoweri. Beýleki modeller hem ýakyn geljekde peýda bolar diýip, Opel-iň metbugat gullugyna salgylanmak bilen autostat.ru habar berýär.
Ýapon satyjylaryna Opel içinden otlanýan elektrik we klassyky hereketlendirijileri islege görä saýlama üçin hödürläp biler. Içinden otlanýan hereketlendirijiden başga-da, Corsa bitewi elektrik wersiýa hem eýe bolar, Grandland X bolsa gibrid görnüşinde hem elýeterli bolup biler.
Ýaponiýada Opel Groupe PSA Milli Satuw Guramasynyň bir bölegi bolar we lokal infrastruktura hem-de Toparlary döretmäge ygtyýarlyk gazanar. Bu bolsa gürrüňi edilýän bazara dolanmaklygy ep-esli ýeňleder. Ýakyn aýlarda brend ýurduň iri şäherlerinde diler toruny gurar, soňabaka ol giňeldiler. 2023-nji ýyla çenli Opel tory ýapon bazarynyň 80%-ni tutar.
Häzirki wagtda Ýaponiýada Groupe PSA (Awtomobil gurluşyk kompaniýasy) Peugeot, Citroen we DS brendleriniň eýesi hasaplanylýar. 2019-njy ýylda satuw 15,6 müň awtomobile barabar boldy. Opel brendiniň işe girizilmegi Groupe PSA-a sebitdäki täsirini artdyrmaga we täze müşderileri özüne çekmäge kömek eder.
2020-nji ýyllaryň ortalaryna çenli brendiň satuw möçberiniň 10%-i daşky bazarlara degişli bolar. Bu maksada ýetmek üçin brend Aziýanyň, Afrikanyň we Günorta Amerikanyň bazarlarynda öz ornuny berkider we 2022-nji ýyla çenli 20-den gowrak täze sebitlere çykar.
Ýatladyp geçsek, öndüriji ýapon bazaryndan 2006-njy ýylda gidipdi. Munuň sebäbi öndürilýän ulaglaryň möçberiniň birden peselmegi, şeýle-de has isleg bildirilýän we şol bada meşhur bolan beýleki brendleriň ýüze çykmagy boldy.

düýn 22:20
6.6k+

Benzin bilen işleýän soňky Jaguar konweýerden çykdy

Jaguar sessiz-üýnsüz içinden ýandyrylýan hereketlendirijili awtomobilleriň önümçiligini tamamlady. Soňky krossower F-Pace Angliýanyň Solihall şäherindäki zawodda öndürildi. Bu barada model üçin hoşlaşyk çäresine gatnaşan markanyň muşdaklar klubunyň agzalary sosial ulgamlarda habar berdi...

düýn 09:09
4.4k+

Huawei we GAC bilelikdäki Qijing brendiniň ilkinji täze modelini tanyşdyrdy

Huawei we GAC bilelikdäki Qijing brendiniň ilkinji awtoulagyny — L3 derejeli awtonom sürüş ulgamy bilen enjamlaşdyrylan sport uniwersalyny (shooting-brake) tanyşdyrdylar. Model heniz kamuflýažyň (örtükli) astynda görkezildi...

25.12.2025 13:20
3.2k+

Afeela PlayStation oýunlaryny goldaýan dünýäde ilkinji awtoulag bolar

Sony kompaniýasy bazara PS Remote Play funksiýasyny (uzakdan oýnamak mümkinçiligi) goldaýan ilkinji awtoulagyň çykjakdygyny yglan etdi. Gürrüň birnäçe ýyl mundan ozal Sony we Honda tarapyndan döredilen Sony Honda Mobility bilelikdäki kärhanasynyň önümi bolan Afeela elektrokary barada gidýär...

24.12.2025 12:59
2.3k+

Lancia ralli ýaryşyna gaýdyp gelmeginiň hormatyna çäkli nusgada sagat çykardy

Lancia kompaniýasy brendiniň Dünýäniň ralli çempionatyna (WRC) gaýdyp gelmegi mynasybetli Eberhard & Co sagat öýi bilen hyzmatdaşlykda taýýarlanan çäkli nusgadaky goşar sagadyny tanyşdyrdy. Jemi 360 sany nusgada öndüriljek bu sagatlaryň her biriniň bahasy 1980 ýewro bolar...