Hytaýda lukmançylyk maskalarynyň önümçiligi boýunça kärhana gurarlar

  • 18.02.2020 21:49
  • 4.4k+

Pekinde lukmançylyk maskalarynyň önümçiligi boýunça täze kärhana peýda bolar. Şeýle karar olaryň ýetmezçiligine garşy göreş çäresiniň çäklerinde kabul edildi. Önümçiligi 6 günden işe girizmegi meýilleşdirýärler.
Hytaý hökümeti Pekinde lukmançylyk maskalaryny taýýarlamak boýunça täze karhanany gurmakçy bolýar. Şeýle etmek bilen HHR-de olaryň ýetmezçiligine garşy göreşmegi göz öňünde tutýarlar. Bu barada “Sinhua” informasion agentligine salgylanmak bilen versia.ru habar berýär.
Kompaniýanyň işgärleriniň gurluşykçylaryň beden temperaturasyny täze koronawirusyň alamatlarynyň ýüze çykmak ähtimallygy bilen her hepdede ölçenilip duruljakdygy bellenilýär.
China Construction First Group kompaniýasy önümçiligi alty günüň içinde açmagy meýilleşdirýär. Kärhana her günde 250 müň maskany çykarar diýlip çaklanylýar.
Geçen aýyň ahyrynda koronawirusyň ýaýramagy zerarly maska ýetmezçiligi barada habar berildi. Şonda olary Amazon we Alibaba platformalarynda satýan satyjylar harytlarynyň gutaryp barýandygyny habar berdiler. Dükanlaryň ençemesi maskalary birbada ikiden ona çenli göwrümde almagy hödürlemek bilen, maskalary bölekleýin satmagyny bes etdiler.
Ýaňy-ýakynda, HHR-iň Türkmenistandan bir million lukmançylyk maskalaryny satyn alandygy habar berildi. Indiwidual gorag serişdeleriniň umumy bahasynyň iki ýüz müň dollara barabar bolandygy bellenildi. Maska Türkmenistanyň kärhanalarynda öndürildi.

düýn 23:49
520

Ýewropada Alsgeýmer keselini anyklamak üçin täze gan barlagy tassyklanyldy

Şweýsariýanyň Roche derman senagaty kompaniýasy Alsgeýmer keselini anyklamak we inkär etmek üçin «Elecsys pTau217» gan barlagyny ulanmaga Ýewropadan rugsat aldy....

11.05.2026 23:10
2.9k+

ABŞ-da bäş aýlyk çagada Kanawan keselini bejermek boýunça seýrek operasiýa geçirildi

ABŞ-da seýrek duş gelýän neslegeçiji keselleriň biri bolan Kanawan keselinden ejir çekýän irlandiýaly bäbekde synag görnüşindäki gen terapiýasy amala aşyryldy. Bu ädim dünýäde şular ýaly ilkinji lukmançylyk......

10.05.2026 18:46
4k+

BSGG-niň ýolbaşçysy hantawirusy pandemiýa bilen deňeşdirmezlige çagyrdy

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) baş direktory Tedros Gebreýesus hantawirusyň COVID-19 pandemiýasy ýaly uly howp döretmeýändigini resmi taýdan mälim etdi....

08.05.2026 22:15
7.6k+

ABŞ-da heniz dünýä inmedik çaga operasiýa edilip, ýene ene göwresine ýerleşdirildi

Amerikanyň Florida ştatynda lukmanlar göwrelilik döwründe çaganyň bedeninde örän seýrek duş gelýän operasiýany amala aşyrdylar....