Samsung kompaniýasy täze Galaxy Tab A 8,4 planşedini çykarmaga taýýarlanýar

  • 18.02.2020 21:19
  • 1.9k+

Samsung kompaniýasynyň täze planşedi bazarda üstümizdäki ýylda peýda bolar. Google Play Console-da täze Galaxy Tab 8,4 gurluşynyň esasy aýratynlyklary atlandyryldy. Bu barada Yandex habar berýär.
Gajet 1920x1200 pikselli 8,4 dýuýmly displeýe, Samsung Exynos 7904 prosessoryna we 3 GB göwrümli operatiw ýada eýe bolar. Hünärmenler günorta koreý kompaniýasynyň planşedini arzan wariant diýip atlandyrýarlar, bu gurluş energiýa garaşsyzlykda 32/64 GB ýada eýe bolar. Çip sekiz sany hasaplaýyş ýadrosyny saklaýar – iki ýadro 1,8 GGs takt ýygylykly ARM Cortex-A73, galan alty ýadro 1,6 GGS takt ýygylykly ARM Cortex-A53. Grafikleriň işine Mali-G71 MP2 tizleşdiriji jogap berýär. Kamera barada, fleş-apparatynyň göwrümi we akkumulýator batareýiniň sygymy barada maglumat heniz ýok.
Google Play Console-iň maglumatlar bazasynda testden geçirilen gurluşyň Android 9 Pie operasion sistemanyň dolandyrmasy esasynda işleýändigi barada aýdylýar. Tehnologlar planşediň çykjak pursadynda Android 10-a eýe boljakdygy baradaky fakty hem aýdýarlar.
Strategy Analytics-iň bahalandyrmasy boýunça, 2019-njy ýylda tutuş dünýä boýunça 160,2 mln planşet öndürildi. 2018-nji ýylda bu hasap 173,1 mln-a ýetipdi. Şeýlelik bilen, isleg, takmynan, 7,5% pese gaçdy.

düýn 11:00
493

Apple-iň WWDC çäresi 8-12-nji iýunda geçiriler: iOS 27-niň hödürlenmegine garaşylýar

Apple amerikan korporasiýasy Bütindünýä işläp düzüjiler maslahatynyň (Worldwide Developers Conference) 2026-njy ýylyň 8-12-nji iýun aralygynda geçiriljekdigini yglan etdi. WWDC 2026 çäresiniň esasy bölegi onlaýn görnüşde guralar, onuň çäginde 100-den gowrak wideo-sessiýa geçiriler...

23.03.2026 10:34
2.3k+

Apple öz operasion ulgamlarynyň täzeleniş ulgamyny üýtgetdi we könelen smartfonlarynyň sanawyny giňeltdi

Apple kompaniýasy howpsuzlyk täzelenmeleriniň täze formatyny — «Background Security Improvement» hödürledi, şeýle-de birnäçe köne enjamlary resmi taýdan könelen diýip yglan etdi. Täze mehanizm iOS, iPadOS we macOS ulgamlarynyň esasy täzelenmeleriniň arasynda kiçiräk düzedişleri gurnamaga mümkinçilik berýär...

23.03.2026 05:29
3.1k+

Samsung 25-nji martda Galaxy A hatarynyň täze smartfonlaryny tanyşdyrar

Samsung kompaniýasy 25-nji martda Galaxy A hatarynyň täze smartfonlarynyň tanyşdyrylyşyny geçirer. Bu baradaky maglumat Samsung India resmi saýtynda peýda boldy. Sahypada tanyşdyrylyşyň senesi we ýerli wagt bilen sagat 17:30-da başlanjakdygy baradaky mahabat bölümi ýerleşdirildi...

22.03.2026 23:11
2.3k+

WhatsApp ulanyjylara hasap açmazdan aragatnaşyk saklamaga mümkinçilik berer: Nädip?

WhatsApp messenjeri agza bolmazdan aragatnaşyk saklamaga mümkinçilik berýän "myhman çatlary" funksiýasynyň synaglaryny giňeldýär. Android ulgamyndaky barlaglardan soň, bu mümkinçilik iOS we web wersiýalarynyň beta-ulanyjylarynyň bir bölegine hem elýeterli boldy diýip, WABetaInfo habar berýär...