Hytaý Türkmenistandan 1 million sany lukmançylyk maskalaryny satyn aldy

  • 15.02.2020 23:02
  • 12k+

Hytaý Halk Respublikasy Türkmenistandan umumy bahasy 200 müň amerikan dollaryna barabar bolan 1 million sany lukmançylyk gorag maskalaryny satyn aldy. Bu barada şenbe güni ORIENT Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasyna salgylanyp habar berýär.
Üç gatly bir gezeklik (fiksatorly) maskalar Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň kärhanalarynda öndürildi.
Mundan öň, daşary ýurt habar beriş serişdeleri COVID19 zerarly ýüze çykan pnewmoniýa ýaýrawy sebäpli Hytaýda gorag maskalarynyň ýetmezçiliginiň bardygyny habar beripdi. HHR-iň saglygy goraýyş meseleleri boýunça döwlet geňeşiniň berýän maglumatlaryna laýyklykda, Hytaýda COVID19 ýokanjy bilen kesellänleriň sany 66 49 ýetip, olaryň 1523-si aradan çykdy. 8096 sanysy keselden saplanyp, hassahanadan çykaryldy.
Belläp geçsek, Türkmenistanda COVID19 hiç hili hasaba alynmady.

düýn 23:49
520

Ýewropada Alsgeýmer keselini anyklamak üçin täze gan barlagy tassyklanyldy

Şweýsariýanyň Roche derman senagaty kompaniýasy Alsgeýmer keselini anyklamak we inkär etmek üçin «Elecsys pTau217» gan barlagyny ulanmaga Ýewropadan rugsat aldy....

11.05.2026 23:10
2.9k+

ABŞ-da bäş aýlyk çagada Kanawan keselini bejermek boýunça seýrek operasiýa geçirildi

ABŞ-da seýrek duş gelýän neslegeçiji keselleriň biri bolan Kanawan keselinden ejir çekýän irlandiýaly bäbekde synag görnüşindäki gen terapiýasy amala aşyryldy. Bu ädim dünýäde şular ýaly ilkinji lukmançylyk......

10.05.2026 18:46
4k+

BSGG-niň ýolbaşçysy hantawirusy pandemiýa bilen deňeşdirmezlige çagyrdy

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) baş direktory Tedros Gebreýesus hantawirusyň COVID-19 pandemiýasy ýaly uly howp döretmeýändigini resmi taýdan mälim etdi....

08.05.2026 22:15
7.6k+

ABŞ-da heniz dünýä inmedik çaga operasiýa edilip, ýene ene göwresine ýerleşdirildi

Amerikanyň Florida ştatynda lukmanlar göwrelilik döwründe çaganyň bedeninde örän seýrek duş gelýän operasiýany amala aşyrdylar....