Xiaomi Mi 10 Pro ilkinji gezek ak reňkde görkeziler

  • 15.02.2020 22:12
  • 3.6k+

Öň, kompaniýa smartfonuň ak reňklisini görkezmändi. Mundan öň, Xiaomi Mi 10 we Xiaomi Mi 10 Pro smartfonlary üç reňkli wariantda (ýaşyl, gök we şetdaly reňkde) görkezildi. Smartfonlar gara we gara-çal reňklerde hem elýeterli. Xiaomi kompaniýasynyň wise-prezidenti Çang Çeng birnäçe gün mundan öň Xiaomi Mi 10 we Xiaomi Mi 10 Pro smartfonlarynyň ak reňkde hem elýeterli boljakdygyny habar berdi. Indi bolsa Xiaomi Mi 10 Pro-nyň nähili görnüşdedigini belläp geçeliň. Ol arassa ak görnüşde bolman, sähel gülgüne öwüşgünli. Bu barada ixbt.com web-saýty habar berýär.
Xiaomi Mi 10 smartfonunyň selfi-kamerasynyň ýerleşýän ýeriniň diametri 1,74 mm barabar. Bu şeýle gurluşly smartfonlaryň frontal kamerasynyň ýerleşýän ýeriniň diametrinden, takmynan, iki esse kiçi.
Xiaomi Mi 10 üç esse çalt zarýadlanma eýe boldy. Onuň zarýad geçirijisiniň kuwwatlylygy 50 Wt-a barabar, ol smartfony 45 minudyň içinde zarýadlandyrmaga mümkinçilik berýär. Simsiz ýol bilen ol 30 Wt maksimal kuwwatlykda zarýadlanar. Mundan başga-da, ol 10 Wt kuwwatlykda beýleki mobil gurluşlary hem simsiz usulda zarýadlandyryp bilýär. Smartfonuň akkumulýatorynyň sygymy 4500 mA/sag deň.
Smartfon suratlary täzeleme ýygylygy 90 Gs, sensordaky sorag etmäniň ýygylygy 180 Gs bolan ekrana eýe boldy. Ol HDR10+ dinamiki diapazona hem eýe.
Şeýle-de, Mi 10-da (şeýle hem Mi 10 Pro-da) köp režimli NFC adapteri, stereofonik sesli gürleşijili ýokary hilli audiotrakt, IK-şöhlelendiriji, iki diapazonly GPS kabul ediji, kuwwatly wibromotor bolar. Suwdan goraglylygyň bardygyny hem bellemek bolýar, ýöne sada wariantynda P2i örtügi görnüşinde.

düýn 11:00
495

Apple-iň WWDC çäresi 8-12-nji iýunda geçiriler: iOS 27-niň hödürlenmegine garaşylýar

Apple amerikan korporasiýasy Bütindünýä işläp düzüjiler maslahatynyň (Worldwide Developers Conference) 2026-njy ýylyň 8-12-nji iýun aralygynda geçiriljekdigini yglan etdi. WWDC 2026 çäresiniň esasy bölegi onlaýn görnüşde guralar, onuň çäginde 100-den gowrak wideo-sessiýa geçiriler...

23.03.2026 10:34
2.3k+

Apple öz operasion ulgamlarynyň täzeleniş ulgamyny üýtgetdi we könelen smartfonlarynyň sanawyny giňeltdi

Apple kompaniýasy howpsuzlyk täzelenmeleriniň täze formatyny — «Background Security Improvement» hödürledi, şeýle-de birnäçe köne enjamlary resmi taýdan könelen diýip yglan etdi. Täze mehanizm iOS, iPadOS we macOS ulgamlarynyň esasy täzelenmeleriniň arasynda kiçiräk düzedişleri gurnamaga mümkinçilik berýär...

23.03.2026 05:29
3.1k+

Samsung 25-nji martda Galaxy A hatarynyň täze smartfonlaryny tanyşdyrar

Samsung kompaniýasy 25-nji martda Galaxy A hatarynyň täze smartfonlarynyň tanyşdyrylyşyny geçirer. Bu baradaky maglumat Samsung India resmi saýtynda peýda boldy. Sahypada tanyşdyrylyşyň senesi we ýerli wagt bilen sagat 17:30-da başlanjakdygy baradaky mahabat bölümi ýerleşdirildi...

22.03.2026 23:11
2.3k+

WhatsApp ulanyjylara hasap açmazdan aragatnaşyk saklamaga mümkinçilik berer: Nädip?

WhatsApp messenjeri agza bolmazdan aragatnaşyk saklamaga mümkinçilik berýän "myhman çatlary" funksiýasynyň synaglaryny giňeldýär. Android ulgamyndaky barlaglardan soň, bu mümkinçilik iOS we web wersiýalarynyň beta-ulanyjylarynyň bir bölegine hem elýeterli boldy diýip, WABetaInfo habar berýär...