«Rysgal» PTB «Rysgal Pay» elektron gapjyk hyzmatyny hödürleýär

  • 14.02.2020 22:04
  • 9.4k+

«Rysgal» paýdarlar täjirçilik banky müşderilerine täze hyzmaty — «Rysgal Pay» elektron mobil gapjyk hyzmatyny hödürleýär. Bu barada Arzuw News habar berýär.
Elektron gapjyk – mobil enjamynda gurnalýan programma bolup, ulanyja elektron puly saklamaga we olaryň kömegi arkaly internetde nagt däl hasaplaşyklary amala aşyrmaga ýol berýär. Elektron gapjyk aslyýetinde bank hasabyna meňzeşdir.
«Rysgal Pay» elektron mobil gapjygynyň ýa-da «Qrcode» töleg ulgamynyň bar bolan ähli ýerlerinde hasaplary diňe mobil telefonyny ulanmak arkaly ýekeje hereket etmek bilen tölemek mümkin. Bu hili tölegleriň bank kartlary arkaly däp bolan töleglerden artykmaçlygy — munda her gezek kart belgilerini we CVC kod ýazmak zerurlygy aradan aýrylýar.
Gapjygy dolduryp bolar:
• öňünden tölegiň ýörite kartoçkasyny satyn almak arkaly;
• internet-bankdan peýdalanmak arkaly;
• bankomat arkaly;
• bank pul geçirimini amala aşyrmak arkaly;
• töleg terminalyny ulanmak arkaly.
Mobil gapjygy degişli programmasy arkaly açyp bolýar. Bu hyzmat barada goşmaça maglumaty «Rysgal» PTB-niň resmi saýtyndan alyp bilersiňiz.

düýn 18:22
8.3k+

Toyota Türkmenistanda tomusky aksiýasyny dowam edýär

2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan 30-njy iýuny aralygynda Toyota kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi serwis merkezleri islendik ýylda çykarylan we islendik modeldäki Toyota hem-de Lexus awtoulaglarynyň eýeleri......

düýn 17:00
3.8k+

Oňa 100-den gowrak ýurtda gymmatlyklaryny ynanýarlar. Gürrüň näme hakda?

Bu kompaniýanyň önümleri dünýäniň 100-den gowrak ýurduna eksport edilýär. Olar howpsuzlyk boýunça Ýewropa standartlaryna laýyk gelýär, halkara synaglardan geçirilýär we ähli degişli hil sertifikatlaryna eýe......

10.06.2026 18:39
4.1k+

Lomaý sargyt etmegiň täze tapgyry: telekeçiler «Birligi» saýlaýar

Dükan, market, kafe ýa-da restoran dolandyrýaňyzmy? Onda sizem soňsuz telefon jaňlaryna we araçylara wagt ýitirmegiňizi bes ediň. Telekeçiler eýýäm «Birlik» platformasy bilen satyn alyşyň has amatly görnüşine......

08.06.2026 15:19
6.5k+

Türkmenistanda howa maglumaty: hepdäniň başy we ahyry ýagyşly bolar

Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy Türkmenistanda şu hepde (8–14-nji iýun) bolmagyna garaşylýan howa barada maglumat berdi....