Xiaomi Mi 10 “arzuwdaky ekrana” eýe boldy

  • 12.02.2020 21:58
  • 7.2k+

Twitter jemgyýetçilik torunda Xiaomi Mi 10-yň ekranynyň esasy häsiýetleri sanalyp geçilýän resmi poster neşir edildi.
Suratlary täzeleme ýygylygy 90 Gs-e, sensor gatlagyndaky sorag etme ýygylygy 180 Gs-e barabar. Bu smartfonuň tizligine örän oňaýly täsir edýär, esasanam, oýun wagtynda şeýle. iPhone flagman smartfonlary sensor gatlagyndaky sorag etmäniň 120 Gs ýygylygyna eýe. Mundan başga-da, HDR10+ dinamiki diapazona eýedigi hem habar berildi.
Ekran AMOLED tehnologiýasy boýunça ýerine ýetirilen, ony öndüriji bolup Samsung kompaniýasy çykyş edýär. Xiaomi smartfonuň frontal kamerasynyň ýerleşdirilýän ýeriniň bazarda şular ýaly ýerleriň iň kiçileriniň biridigini aýdýar. Displeýiň iň ýokary ýagtylygy 1120 kd/m2-a barabar. Kontrastlygy 5000000:1-e deň. Displeý onuň ulanyjylaryň gözi üçin amatlydygyny görkezýän “TUV Rheinland” halkara birleşiginiň şahadatnamasyna eýe boldy. Şeýle-de, ýagtylygyň ýokary derejede anyklygyny belläp geçmeli (JNCD<0.55), iPhone 11 Pro Max-da bu görkeziji JNCD<0.9-a deň.
Xiaomi kompaniýasynyň özi Xiaomi Mi 10-yň displeýini “arzuwdaky ekran” diýip atlandyrýar.

düýn 11:00
504

Apple-iň WWDC çäresi 8-12-nji iýunda geçiriler: iOS 27-niň hödürlenmegine garaşylýar

Apple amerikan korporasiýasy Bütindünýä işläp düzüjiler maslahatynyň (Worldwide Developers Conference) 2026-njy ýylyň 8-12-nji iýun aralygynda geçiriljekdigini yglan etdi. WWDC 2026 çäresiniň esasy bölegi onlaýn görnüşde guralar, onuň çäginde 100-den gowrak wideo-sessiýa geçiriler...

23.03.2026 10:34
2.3k+

Apple öz operasion ulgamlarynyň täzeleniş ulgamyny üýtgetdi we könelen smartfonlarynyň sanawyny giňeltdi

Apple kompaniýasy howpsuzlyk täzelenmeleriniň täze formatyny — «Background Security Improvement» hödürledi, şeýle-de birnäçe köne enjamlary resmi taýdan könelen diýip yglan etdi. Täze mehanizm iOS, iPadOS we macOS ulgamlarynyň esasy täzelenmeleriniň arasynda kiçiräk düzedişleri gurnamaga mümkinçilik berýär...

23.03.2026 05:29
3.1k+

Samsung 25-nji martda Galaxy A hatarynyň täze smartfonlaryny tanyşdyrar

Samsung kompaniýasy 25-nji martda Galaxy A hatarynyň täze smartfonlarynyň tanyşdyrylyşyny geçirer. Bu baradaky maglumat Samsung India resmi saýtynda peýda boldy. Sahypada tanyşdyrylyşyň senesi we ýerli wagt bilen sagat 17:30-da başlanjakdygy baradaky mahabat bölümi ýerleşdirildi...

22.03.2026 23:11
2.3k+

WhatsApp ulanyjylara hasap açmazdan aragatnaşyk saklamaga mümkinçilik berer: Nädip?

WhatsApp messenjeri agza bolmazdan aragatnaşyk saklamaga mümkinçilik berýän "myhman çatlary" funksiýasynyň synaglaryny giňeldýär. Android ulgamyndaky barlaglardan soň, bu mümkinçilik iOS we web wersiýalarynyň beta-ulanyjylarynyň bir bölegine hem elýeterli boldy diýip, WABetaInfo habar berýär...