Xiaomi kompaniýasy Mi 10 çykandan soň Mi 9-y satmagyny bes eder

  • 11.02.2020 22:21
  • 3.9k+

Mi 10 çykandan soň Xiaomi kompaniýasynyň häzirki flagmanynyň bahasynyň arzanlamagyna garaşýanlar üçin täzelik bar: Mi 10 satuwa çykandan soň häzirki nesliň modeli önümçilikden aýrylar. Munuň şeýle boljakdygyny JD.com onlaýn meýdançasynyň katalogynda bolup geçen özgertmeler görkezýär. Bu barada bolsa ixbt.com web-saýty habar berýär.
Ýagny, Xiaominiň assortimentine Mi 10 modeli goşulandan soň, häzirki flagman Mi 9 katalogdan ýitdi. Beýle özgertme öz-özünden bolup geçmeýär. Kompaniýanyň, hakykatdan hem, täze modeliň peýdasyna köne modelden ýüz öwürmegi mümkin. Bu gaty gowy täzelik däl, çünki Mi 10 modeli, deslapky maglumatlar boýunça, özünden öňküden juda gymmat bolar. Netijede, ulanyjylar muňa garamazdan, täze we gymmat modeli saýlamaly bolarlar.
Mi 9 satuwdan, elbetde, birbada aýrylmaz, ýöne onuň JD.com katalogyndan ýitmegi bu köne modeliň ammar gorunyň köp däldigine şaýatlyk edýär.

düýn 11:00
504

Apple-iň WWDC çäresi 8-12-nji iýunda geçiriler: iOS 27-niň hödürlenmegine garaşylýar

Apple amerikan korporasiýasy Bütindünýä işläp düzüjiler maslahatynyň (Worldwide Developers Conference) 2026-njy ýylyň 8-12-nji iýun aralygynda geçiriljekdigini yglan etdi. WWDC 2026 çäresiniň esasy bölegi onlaýn görnüşde guralar, onuň çäginde 100-den gowrak wideo-sessiýa geçiriler...

23.03.2026 10:34
2.3k+

Apple öz operasion ulgamlarynyň täzeleniş ulgamyny üýtgetdi we könelen smartfonlarynyň sanawyny giňeltdi

Apple kompaniýasy howpsuzlyk täzelenmeleriniň täze formatyny — «Background Security Improvement» hödürledi, şeýle-de birnäçe köne enjamlary resmi taýdan könelen diýip yglan etdi. Täze mehanizm iOS, iPadOS we macOS ulgamlarynyň esasy täzelenmeleriniň arasynda kiçiräk düzedişleri gurnamaga mümkinçilik berýär...

23.03.2026 05:29
3.1k+

Samsung 25-nji martda Galaxy A hatarynyň täze smartfonlaryny tanyşdyrar

Samsung kompaniýasy 25-nji martda Galaxy A hatarynyň täze smartfonlarynyň tanyşdyrylyşyny geçirer. Bu baradaky maglumat Samsung India resmi saýtynda peýda boldy. Sahypada tanyşdyrylyşyň senesi we ýerli wagt bilen sagat 17:30-da başlanjakdygy baradaky mahabat bölümi ýerleşdirildi...

22.03.2026 23:11
2.3k+

WhatsApp ulanyjylara hasap açmazdan aragatnaşyk saklamaga mümkinçilik berer: Nädip?

WhatsApp messenjeri agza bolmazdan aragatnaşyk saklamaga mümkinçilik berýän "myhman çatlary" funksiýasynyň synaglaryny giňeldýär. Android ulgamyndaky barlaglardan soň, bu mümkinçilik iOS we web wersiýalarynyň beta-ulanyjylarynyň bir bölegine hem elýeterli boldy diýip, WABetaInfo habar berýär...