Mophie ykjam akkumulýatorlarynyň täze tapgyryny hödürledi

  • 08.02.2020 22:24
  • 2.4k+

Mophie kompaniýasy dört sany täze akkumulýatory hödürledi, olaryň hersiniň öz fişkasy bar: Powerstation, Powerstation Mini, Powerstation Plus we Powerstation Plus XL.
Powerstation modeli 6000 mA/sag sygymly akkumulýatora eýe boldy. USB Type-C porty 18 Wt-a çenli bermäge ukyply, ýagny iPhone çalt zarýadlanyp bilýär. Şeýle-de, birwagtyň özünde birnäçe gurluşy zarýadlandyrmak bolýar – USB Type-A porty hem bar. Akkumulýator gara, çal, gara-gök we gülgüne reňklerde hödürlenilýär.
Powerstation Mini – iň elýeterli model. Akkumulýatoryň sygymy 5000 mA/sag, USB Type-C we USB Type-A bölekleri bar. Ýöne onuň çalt zarýad bermä eýedigi hiç ýerde görkezilenok. Onuň hem şol dört sany reňkleri bar.
Powerstation Plus – akkumulýator 6000 mA/sag, zarýadka içki Lightning simiň kömegi bilen berilýär (akkumulýator Lightning porty arkaly hem zarýadlanýar) we onda bary-ýogy bir USB Type-A bar. Ol çalt zarýad bermä eýe, AirPods-y we iPhone-i zarýadlandyryp bolýar. Ýöne onda USB Type-C ýok.
Powerstation Plus XL – akkumulýatoryň sygymy 8000 mA/sag, simsiz zarýadlama eýe.

düýn 17:48
3.2k+

Samsung täze çipler, kameralar we IP68 goragy bilen Galaxy A37 we A57 modellerini hödürledi

Samsung kompaniýasy Galaxy A36 we A56 modelleriniň ýerini tutjak Galaxy A37 we A57 smartfonlaryny hödürledi. «GSMArena» neşiriniň habar bermegine görä, täze modeller has çydamly korpusa, ýokary öndürijilige......

düýn 17:05
7.7k+

Melaniýa Tramp Ak tamdaky sammite robot bilen tirkeşip bardy

ABŞ-nyň birinji hanymy Melaniýa Tramp Ak tamda geçirilen «Geljegi bilelikde ilerledýäris» atly global koalisiýanyň sammitine Figure Three atly gumanoid robot bilen tirkeşip bardy. Bu barada The Independent......

27.03.2026 11:41
3.9k+

Iň inçe iPhone-nyň satuwy iPhone 16 Plus-yňkydan iki esse köp boldy

iPhone Air özünden öňki Plus modeliniň ýerini eýeläp, satuwda has ýokary netijeleri görkezdi. Muňa ​Ookla portalynyň hasabaty şaýatlyk edýär....

27.03.2026 08:24
1.6k+

Meta Mark Sukerbergiň emeli aň ekiztaýyny döredýär

Meta kompaniýasynyň baş direktory Mark Sukerberg kompaniýany dolandyrmaga kömek etjek we wezipeleriň ýerine ýetirilişini çaltlandyrjak şahsy emeli aň agentini işläp düzýär....