LG maýyşgak süýşürilýän ekranly smartfon-kitapçasyny patentledi

  • 06.02.2020 16:38
  • 2.6k+

LG Electronics kompaniýasy ABŞ-nyň USPTO haryt markasy boýunça Edarasynda maýyşgak süýşürilýän ekranly smartfon-kitapçasyny patentledi. Eplenilen görnüşde displeý gurluşyň frontal kamerasyny, gapdal tarapyny we yzky böleginiň 50%-ni gurşap alýar.
Mobile Terminal resminamasynda kitapça görnüşinde döredilen LG gajeti suratlandyrylýar. Smartfonuň arka tarapynda kamera, barmagyň yzyny skanerleýji we beýleki datçikler ýerleşdirilen. Ýazylan ýagdaýda displeý diňe bir gönelmek bilen çäklenmeýär, eýsem, ony bir gapdala tarap süýşürip hem bolýar, şonda ol gurluşyň yzky bölegini ýapýar. Wideo görmek üçin gajet belli bir burçdan açylýar, şeýle ýagdaýda wirtual pleýeriň işine gözegçilik serişdesi peýda bolýar.
Smartfon-kitapçanyň diňe kagyz ýüzünde hereket edýändigi bellidir. LG kompaniýasy heniz täze mobil gurluşyny döretmek işine başlamady. Olaryň şeýle gajetleriň önümçiligine haçan başlamagy meýilleşdirýändikleri barada habar berlenok. Ýöne ekspertler tarapyndan oýlanylyp tapylan önümleriň ählisiniň satuwa çykmaýandygyny hem belläp geçmeli. Käbir taslamalar çykarylmasynda ýetmezçiligi sebäpli saklanylýar.

düýn 23:52
2.2k+

Bolmaz, bolsa-da arzan bolmaz: Maskyň million robotly arzuwy paşmajaga meňzeýär

Tesla kompaniýasy ýylda bir milliona çenli adam şekilli Optimus robotlaryny göni Frimontdaky zawodynda işläp düzmegi meýilleşdirýärdi. Emma robotyň tas ähli zerur şaýlarynyň Hytaýda öndürilýändigi bu süýji arzuwy, näler islemese-de, ony ajy hakykatyň ýüzüne bakmaga mejbur etdi...

düýn 20:37
879

Pepper seriýalaýyn öndürilen adam şekilli ilkinji robot hökmünde rekordlar kitabyna girdi

Janly gatnaşyk arkaly adamlar bilen özara täsirleşmek maksatly işlenip düzülen Pepper özüniň döredilen wagtyndan – 2014-nji ýylyň 5-nji iýunyndan bäri  söwda merkezleri, mekdepler, garrylar öýleri ýaly  dürli jemgyýetçilik ýerlerinde ulanylyp ýör...

düýn 13:45
1.9k+

Apple ABŞ-nyň smartfon bazarynyň 69%-ini eýeledi, Samsung-yň paýy 13%-e çenli azaldy

2025-nji ýylyň IV çärýeginiň jemi boýunça Apple kompaniýasy ABŞ-nyň smartfon bazarynyň 69%-ini eýeläp, taryhy ýokary görkezijä ýetdi. Bu barada Counterpoint analitiki kompaniýasy habar berýär. Bazaryň ýyllyk hasabynda 1% ösen döwründe kompaniýa geçen ýylky 65% görkezijisini ep-esli ýokarlandyrmagy başardy...

düýn 10:23
1k+

Google Maps kartasynda ýoly indi Gemini gürläp salgy bermegi başarýar

Google Maps goşundysy täze funksiýany hödürläp başlady. Indi pyýada ýörişlerde ýa-da welosiped sürlende telefona eliňi ýetirmezden, ýol hakda Gemini emeli aň kömekçisiniň üsti bilen dilden salgy alyp bolýar. Bu täzelik geçen ýylyň noýabr aýyndan bäri diňe awtomobil saparlary üçin elýeterli bolan gürleşýän nawigasiýa funksionalyny has-da giňeltdi...