Alymlar: sogan ýokary gan basyşda kömek eder

  • 05.02.2020 22:15
  • 5.5k+

Nahar üçin düzüminde flawonoid kwersetin saklaýan önümleri ulanmak ýokary gan basyşyny düýpli peseltmäge kömek edip biler.
Gürrüň, ilki bilen, gök önümler we miweler barada gidýär. Bu barada «FaceNews.ua» saýty habar berýär.
Hytaý alymlarynyň bellemegine görä, miweleriň we gök önümleriň gan basyşy peseldýändigini doly tassyklamak bolýar. Çünki olaryň düzüminde flawonoid kwersetin saklanýar.
Esasanam, ol soganda köp. Flawonoid kwersetiniň häsiýetlerini öwrenmek maksady bilen ozal geçirilen barlaglar onuň garrama prosesini togtatmaga täsirini ýetirýändigini, immun ulgamyny berkidýändigini, şeýle-de ýagyň işjeň ýakylmagyna ýardam berýändigini görkezdi.
Belläp geçsek, Garward uniwersitetiniň alymlary birnäçe eksperimentlerden soň otrisatel rezusly AB (IV) gan toparly adamlarda düýpli kesellemek howpunyň ýokarydygy baradaky netijä geldiler. Barlaglara laýyklykda, şeýle gan toparly adamlarda, beýlekilere garanda, ýatkeşligi hem-de pikirlenmegi bilen bagly meseleler köp ýüze çykýar. Olar insultdan we demensiýadan ejir çekýärler, şeýle-de bu adamlarda huşsuzlygyň güýçlenmek howpy 82%-den hem ýokary.

düýn 23:49
520

Ýewropada Alsgeýmer keselini anyklamak üçin täze gan barlagy tassyklanyldy

Şweýsariýanyň Roche derman senagaty kompaniýasy Alsgeýmer keselini anyklamak we inkär etmek üçin «Elecsys pTau217» gan barlagyny ulanmaga Ýewropadan rugsat aldy....

11.05.2026 23:10
2.9k+

ABŞ-da bäş aýlyk çagada Kanawan keselini bejermek boýunça seýrek operasiýa geçirildi

ABŞ-da seýrek duş gelýän neslegeçiji keselleriň biri bolan Kanawan keselinden ejir çekýän irlandiýaly bäbekde synag görnüşindäki gen terapiýasy amala aşyryldy. Bu ädim dünýäde şular ýaly ilkinji lukmançylyk......

10.05.2026 18:46
4k+

BSGG-niň ýolbaşçysy hantawirusy pandemiýa bilen deňeşdirmezlige çagyrdy

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) baş direktory Tedros Gebreýesus hantawirusyň COVID-19 pandemiýasy ýaly uly howp döretmeýändigini resmi taýdan mälim etdi....

08.05.2026 22:15
7.6k+

ABŞ-da heniz dünýä inmedik çaga operasiýa edilip, ýene ene göwresine ýerleşdirildi

Amerikanyň Florida ştatynda lukmanlar göwrelilik döwründe çaganyň bedeninde örän seýrek duş gelýän operasiýany amala aşyrdylar....